TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Magtymguly – beýik söz ussady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Özüniň danalygy, ýiti pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi bilen türkmen edebiýatynda yz galdyran nusgawy şahyrymyz  Magtymgulynyň şygryýet  dünýäsi okyjyny özüne çekýär. Beýik akyldarymyzyň terbiýeçilik, öwüt-ündew, watançylyk, ahlak, söýgi temasyndaky goşgulary biz ýaşlara terbiýe mekdebi bolup durýar.

Beýik söz ussadynyň “ Zor bolar”  goşgusy terbiýeçilik taýdan ähmiýetlidir.

Ýagşylykda ile özün tanydan-

Alkyş alyp derejesi zor bolar.

Ýaman bolup ýagşylygy unudan-

Öz yzzatyn gidir, itden hor bolar.

Şahyryň “Türkmeniň”, “ Depe nedir, düz nedir”, “Döker bolduk ýaşymyz” ýaly şygyrlarynda watançylyk, gahrymançylyk ýaly pikirler öňe sürülýär. Ol öz döredijiliginde adamy bezeýän, abraýyny artdyrýan häsiýetleriň iň naýbaşysyny, esasan hem, aýal-gyzlaryň edep-ekramyny, olary bezeýän häsiýetleri: mylaýymlygy, güler ýüzlüligini, päkligini,  arassalygyny wasp edipdir.

Şahyr halkyň, jemgyýetiň zatlaryna, adamyň saglygyna, abraýyna zeper ýetirýän ýaramaz endikleri ýazgarýan goşgulary hem döredipdir. Ol  adamlardaky oňlanylmaýan endikleri, ýaramaz häsiýetleri ýazgarýan goşgulary öz döwri üçin ýazan hem bolsa , olar şu günler hem öz terbiýeçilik ähmiýetini ýitirmän gelýär. Muňa mysal edip şahyryň “ Nas atan “ , “Çilimkeş “ , “Gybatkeş “ goşgularyny görkezmek bolar. Söz ussady nasyň, çilimiň adamyň saglygyna ýetirýän uly zyýanyny çeper suratlandyrypdyr:

Kuwwatyň kemelder, güýjüň azaldar,

Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,

Süňňüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar ,

Bir nyşandyr, budur sende çilimkeş.

Magtymguly akyldar söz ussady. Ol Watanyny söýýän päk ahlakly adamlara hormat goýupdyr.  Şahyryň şygyrlary öz gymmatyny ýitirmejek eser bolup galar.

 

Eziz Serdarow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby

Ýene-de okaň

Sport we ýaşlar

Türkmenistan iri halkara nebitgaz forumyna taýýarlanýar

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Teswirle