DÜNÝÄ

“Lukoil” Hazardaky «Dostluk» ýatagynyň operatory bolmakçy

Russiýanyň “Lukoil” kompaniýasy Hazardaky «Dostluk» taslamasynyň operatory bolmaga isleg bildirýär. Bu barada kompaniýanyň prezidenti Wagit Alikperow Peterburg halkara ykdysady forumynda žurnalistlere habar berdi.

TASS habarlar gullugynyň habaryna görä, «Dostluk» taslamasy boýunça geňeşmeler geçirilýär, hökümetara ylalaşyk taýýarlanylýar. Biz onuň operatory bolmak isleýäris, häzirlikçe paýymyzyň näçe boljagyny bilmeýäris» – diýdi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hökmütleriniň arasynda «Dostluk» uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek barada özara düşünişmek baradaky Ahtnama iki döwletiň daşary işler ministrleri gol çekdiler.

Azerbaýjanyň metbugatyndaky habara görä, häzirki wagtda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda döwletara ylalaşygy taýýarlanylýar, oňa laýyklykda «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdeleriniň 30% Azerbaýjana we 70% Türkmenistana degişli bolar.

 

Türkmenabat halkara howa menzilinden howa gatnawlary dikeldildi

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy

Milli Liderimiz “Galkynyş” gaz känine baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Ata Watan Eserleri