TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Liwerpulda” Salahyň gijesi

Angliýanyň milli çempionatynyň gyzykly duşuşyklaryň birinde çempionlyk üçin bäsleşýän “Liwerpul” topary gymmatly 3 utugy gazandy. Olar  Kristiano Ronaldoly “Mançester Ýunaýted” toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi. Ronaldo bu duşuşykda oýnamady.

SALAHYŇ GIJESI

Bu duşuşyk “Liwerpul” toparynyň çempionlyk ýaryşyndaky möhüm duşuşyklarynyň biri boldy. Çempionlyk ugrunda “Liwerpul” bilen “Mançester Siti” toparlary bäsleşýär. Geçen hepde “Mançester Siti” bilen 2:2 deňme-deň oýnan “Liwerpul” topary “Mançester Ýunaýted” topary bilen geçiren duşuşykda öz üçin gymmatly 3 utugy almagy başardy.

Köpden bäri gol geçirip bilmän gelýän müsürli Mohamad Salah 8 duşuşykdan soňra tapawutlanmagy başardy. Onda-da 2 gol geçirip, gijäniň ýyldyzy boldy.

Salah 2-nji goly geçirenden soňra ýerine ýetiren ýoga hereketleri köpleri haýran galdyrdy.

“Liwerpul” topary 5-nji minutda Luis Dias bilen öňe geçdi. Soňra 22-nji hem-de 85-nji minutlarda Salah we 68-nji minutda Sadio Mane tapawutlandy.

“Liwerpul” şu möwsümde “Mançester Ýunaýted” toparyny 2-nji gezek uly hasap bilen ýeňýär. Birinji tapgyrda “Liwerpul” 5:0 hasabynda ýeňipdi.

Häzirki wagtda “Liwerpul” Angliýanyň milli çempionatynda birinji orna çykdy.

 

 

Uzak aralyga atly ýöriş geçirildi

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle