TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Liwerpul” – Çempionlar ligasynyň ilkinji finalçysy

UEFA-nyň naýbaşy ýaryşy hasaplanýan Çempionlar ligasynda ýarym finalyň jogap duşuşyklary geçirildi. Onda Angliýanyň “Liwerpul” topary myhmançylykda Ispaniýanyň “Wilýarreal” toparyny 3:2 hasabynda utup, Çempionlar ligasynyň ilkinji finalçysy boldy.

“WILÝARREAL” ÝENE-DE BIR HAÝRAN GALDYRYJYLYGYŇ BÄRI ÝANYNDAN GAÝTDY

Bu iki toparyň arasyndaky birinji duşuşykda “Liwerpul” topary öz meýdançasynda 2:0 hasabynda ýeňipdi. Jogap duşuşygynda ýer eýeleri “Wilýarreal” topary turuwbaşdan tijenip, 3-nji minutda Dianyň goly bilen öňe saýlandy. 41-nji minutda Kokleniň goly bilen hasaby 2:0-a ýetirdi.

“LIWERPUL” IKINJI ÝARYMDA AÇYLDYŞ

“Liwerpul” topary bolsa, ikinji ýarymda özüne geldi. 62-nji minutda Fabinýonyň, 67-nji minutda Diasyň we 74-nji minutda Maneniň gollary bilen hasaby 3:2-ä ýetirip, ilkinji finalçy boldy.

5 ÝYLDA 3-NJI FINALY

Bu üstünlik “Liwerpul” toparynyň 5 ýylda 3-nji finaly boldy. Topary gazanýan üstünliginde tälimçi Ýürgen Kloppyň hem uly paýy bar. Klopp bilen bu topar 5 ýylda 3-nji gezek iň uly ýaryşda finala çykdy. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda finalda oýnan “Liwerpul” topary ilkinjisinde “Real Madrid”-den 3:1 hasabynda ýeňildi, ikinjisinde bolsa, “Tottenhem” toparyny 2:0 hasabynda utup, Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Klopp 2015-nji ýyldan bäri bu topara tälim berip gelýär. Golaýda Klopp bilen toparyň arasynda 2026-njy ýyla çenli şertnama baglaşyldy.

 

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

 

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle