SPORT

“Liwerpul”: 2 minutda 2 gol bilen ýeňiş gazandy

UEFA-nyň Çempionlar Ligasynyň ýarym finalynyň beýleki duşuşygynda Angliýanyň “Liwerpul” topary öz meýdançasynda Ispaniýanyň “Wilýarreal” toparyny kabul etdi.

Duşuşyk 2:0 hasabynda iňlis toparynyň peýdasyna tamamlandy. “Liwerpul” topary 2 minutda 2 gol geçirip, garşydaşy ýeňmegi başardy we jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandy.

“Liwerpul” topary 53-nji we 55-nji minutlarda tapawutlandy. 53-nji minutda “Wilýareral” toparynyň goragçysy Perwis Estupinýanyň aýagyna degen gol bilen “Liwerpul” hasaby açdy we 55-nji minutda bolsa Sadio Maneniň goly bilen hasaby 2:0-a ýetirdi.

Bu toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 3-nji maýda geçiriler.

 

“Mançester Siti”: 4 – 3: “Real Madrid”

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy