SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Limonyň adam bedenine edýän täsiri

Limon örän peýdaly miweleriň biridir. Limon diňe iýmitlik peýdasy bolman, eýsem,  bedenimize hem täsiri uludyr.

Tenimizi ýagtyldar: Solgun ýüzüňiz bar bolsa, säher bilen ýüzüňizi ýuwaňyzda suwa bir-iki damja limon goşsaňyz bedeniňiz üçin ýagtyldyjy hyzmaty ýerine ýetirer.

Ýagly bedene we gara tegmilleriň azalmagyna kömek edýär: Pamyga 1-2 damja limon sykyp ýatmazyňyzdan öňüsyrasynda ýüzüňize çalmaly. Gara tegmiller üçin ýarty limonyň suwuny ary baly bilen garyşdyryp, gara tegmiliň bar ýerine çalmaly.

Dyrnaklary berkidýär: Bir nahar çemçesi zeýtun ýagy, 1-2 damja limon suwuny  garyşdyrmaly. Taýýar bolan melhemi dyrnagyňyza çalmaly. Melhem dyrnagyňyzyň berk bolmagyna ýardam edýär.

Saç üçin peýdasy uludyr:Saçyň düýbüne limonyň suwy, ary baly, zeýtun ýagyny garyşdyryp çalmaly. 10 minut saklap saçyňyzy ýuwmaly.

Düwürtige peýdasy: Ýarty limony düwürtigiň bar ýerine çalmaly. Gije ýatmazyňyzdan öň ýerine ýetirseňiz täsiri uludyr.

Çempionlar Ligasy: Ronaldonyň we belarusly eminiň rekordy

 

 

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!