SPORT

Lewandowski “Altyn aýakgap” baýragyny aldy

Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski Ýewropa futbol çempionatlarynda bir möwsümde iň köp gol geçiren futbol berilýän “Altyn aýakgap” baýragyny aldy. Munuň üçin dabara guraldy.

Polşaly Lewandowski Germaniýanyň “Bundesliga” çempionatynda 2020/2021-nji möwsümde 29 duşuşykda 41 gezek tapawutlandy we Ýewropanyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy. Lewandowski ilkinji gezek futbol durmuşynda bu baýraga mynasyp boldy.

Şeýle hem ol geçen möwsümde Germaniýanyň çempionatynda bir möwsümde iň köp gol geçiren we 40 gol bilen köp ýyllardan bäri rekordy eýeläp gelýän Gerd Mýulleriň (40 gol) rekordy gaýtalyp, has dogrusy öz adyna ýazdyrdy.

“Men örän şat, bu uly hormat. Maşgalama, ýoldaşlaryma, tälimçiler toparyna we tutuş “Bawariýa” toparyna sag bolsun aýdasym gelýär. Olaryň goldawy bolmasa, şeýle baýraklary gazanyp bilmezdim” diýip, Lewandowksi belläp geçdi.

Şu möwsüm Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan Fransiýanyň “PSŽ” toparyna geçen argentinaly Lionel Messi bu baýragy iň köp gazanan futbolçydyr. Ol “Altyn aýakgap” baýragyna 6 gezek mynasyp boldy.

 

Türkmenistan-BMG: pandemiýa garşy maksatnama

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder