TEHNOLOGIÝA

“Lenovo K13” satuwa çykdy

Hytaýyň meşhur kompýuter öndüriji şereketi “Lenovo” täze “Lenovo K13 Note” atly smartfonyny satuwa çykardy. Bu smartfon 6.5″ HD+ durulykdaky IPS LCD ekrana we 60 Hz ekran täzelenme tizligine eýe.

Snapdragon 460 yonga prosessoryndan güýç alýan smartfonyň 4 GB içkj ýady we microSD arkaly 128 GB-a çenli ulaldylyp bilinýän daşky ýady bar.

Telefonyň arka tarapynda 48 megapiksellik esasy kamera, 8 megapiksellik ultra görüş, 2 megapiksellik makro hem-de 2 megapiksellik sensorly ýakynlaşdyryjy kameralar bar. Öň tarapda bolsa, 8 megapiksellik selfi kamerasy ýerleşen. Şeýle hem barmak yzyny okaýjy tehnologiýasy telefonyň arka tarapynda ýerleşen.

5000 mAh batareýa bilen üpjün edilen smartfon 10W tiz zarýady goldaýar.

Bu telefon Russiýada 230 dollardan satuwa çykdy.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Tokio Olimpiadasynyň iň köp hak alýan türgeni

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar