BIZNES

Lebap we Daşoguz welaýatlarynda şaly ösdürilip ýetişdiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Berlen hasabatlarda, şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly ösdürip ýetişdirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanda şaly öndürmek hakyndaky degişli resminama taýýarlandy.

Şoňa görä, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak boýunça ministrlik tarapyndan şaly öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary zerur mukdarda ýokary hilli şaly tohumlary bilen üpjün etmek, şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmek, ýetişdirilen hasyly ýygnamak bilen bagly tehniki hyzmatlary bermek, hasyly satyn almak we öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Şu ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, ondan 82 müň 400 tonna şaly öndürmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Daşoguz‌ ‌welaýatynyň‌ ‌Saparmyrat‌ ‌Türkmenbaşy‌ ‌etrabynda‌ ‌hem-de‌ ‌Lebap‌ ‌welaýatynyň‌ ‌Darganata,‌ ‌Dänew,‌ ‌Çärjew,‌ ‌Farap,‌ ‌Saýat,‌ ‌Halaç,‌ ‌Hojambaz,‌ ‌Kerki,‌ ‌Döwletli‌ ‌we‌ ‌Köýtendag‌ ‌etraplarynda‌ ‌şaly ekmek göz öňünde tutulýar.

 

«Ömrümiň manysy» atly täze kitaby tanyşdyryldy

Related posts

Iň köp hak tölenýän aktrisalar

vepa

Tokaýew: Gazagystanda ýakyn wagtda nebit önümçiligi ýyllyk 100 mln tonna ýetiler

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hususy pudagynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdüriler

Ata Watan Eserleri