SPORT

Laporta täzeden “Barselonanyň” prezidentligine saýlandy

Žuan Laporta gaýtadan Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy. 58 ýaşly Laporta bu ugurda geçirilen saýlawlarda 54,28 göterim ses aldy. Ol esasy bäsdeşleri Wiktor Fontdan hem-de Toni Freýşden öňe saýlandy.

Laporta “Barselona” toparynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanmak üçin geçirilýän saýlawlara 4-nji gezek gatnaşdy. 2003-nji ýylda ýeňiş gazandy, 2006-njy ýylda başga dalaşgär bolmandygy üçin wezipesini dowam etdirdi. 2015-nji ýylda Žozep Bartomeu ýeňildi.

Laporta 2003-2010-njy ýyllarda aralygynda dünýäniň bu iň uly futbol toparyna ýolbaşçylyk etdi. Şol döwürde topar 4 gezek Ispaniýanyň çempiony, 2 gezek Çempionlar ligasyny we umulylykda 12 kubok gazandy. 2009-njy ýylda bolsa “Barselona” bir ýylyň dowamynda 6 kubogy gazanypdy.

Laporta bu wezipä Žozep Bartomeunyň ornuna geldy. Žoan Laporta gazanan ýeňşinden soňra eden çykyşynda dünýäniň iň gowy hüjümçileriniň biri hasaplanýan Lionel Messiniň toparda galjakdygyna ynam bildirdi.

– Taryhyň iň gowy futbolçysy Messi öz ogly bilen saýlawlara gatnaşdy we ses berdi. Bu hem onuň “Barselona” toparyny gowy görýändigini görkezýar. Biz örän gowy maşgala. Onuň toparda galmagy ugrunda tagalla ederin – diýip, Laporta belledi.

Türkmen gelin-gyzlaryň saýty hereket edip başlady:Turkmengazet.com

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy