MEDENIÝET

Küştdepdi – halklary birleşdirýän tans

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary bilen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş direktory Dýusen Kaseinowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga häzirkizaman kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly türki dilli döwletleriň köpsanly artistleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň, olaryň mirasyny sungatda wagyz etmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar. Biziň ýurdumyzyň wekilleriniň belleýişleri ýaly, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna soňky ýyllarda “Görogly dessançylyk sungaty” (2015), “Küştdepdi aýdym we tans dessury” (2017), “Türkmen milli halyçylyk sungaty” (2019) ýaly türkmenleriň döredijilik zehininiň beýik gazananlary girizildi.

Ýenede birnäçe täsin “desgalar” – dutar ýasamak sendi, dutary çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty we ahalteke bedewlerini we alabaý itlerini ýetişdirmek boýunça ýetilen sepgitler bu abraýly sanawa girmek nobatyna garaşýarlar.

Dabaranyň resmi böleginden soňra Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli türki dilli ýurtlaryň köpsanlysynyň: Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň aýdymçylary we tans toparlarynyň agzalary türkmen halkyna gutlag bilen ýüzlendiler. Gutlaglara Russiýa Federasiýasynyň sebitleri – Başkortostan, Tatarystan, Kabardina-Balkariýa, Saha-Ýakutiýa goşuldylar. Şeýle hem dabara Moldowanyň Gagauziýa sebiti goşuldy.

Olaryň ählisi bilelikde joşgunly “Küştdepdi” wideofestiwalyny emele getirdiler, onuň barşynda TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynyň aýdymçylary we tansçylary onlaýn görnüşinde türkmen halk tanslarynyň ýerine ýetirilişiniň wideoroliklerini görkezdiler we ony aýdym bilen utgaşdyrdylar.

Her bir topar milli däp-dessurlary açyp görkezýän tansa öz “öwüşgünini” çaýdy, onuň joşgunly gözelligi halk kalbynyň ruhuny we güýjüni özünde jemleýär. Bu köpöwüşgünli sazly-etnografiýa marafonyny Türkmenistanyň Döwlet tans topary jemledi.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Teýlor Swift britan ykdysadyýetine 1.2 milliard dollar gazandyrar

Ata Watan Eserleri

“Daragt” filmi Çeboksar halkara kinofestiwalyň bäsleşik maksatnamasyna goşuldy

Daşoguz welaýat kitaphanasynda amerikan-türkmen kitap ýarmarkasy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet sirki «Ganatly bedewler» atly sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar

Gerkez obasynda medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi

«Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi