SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kuba dünýäde ilkinji bolup, bu ädime başlady

Kuba dünýäde birinji bolup kiçi ýaşdaky çagalary koronowirusa garşy emlemäge girişdi. Duşenbe güni Senfuegos welaýatynda 2 ― 11ýaş aralygyndaky çagalary bejermäge girişildi.  Bejermekde Kubanyň özünde işläp çykarylan we BSSG tarapyndan heniz tassyklanmadyk «Abdala» we «Soberana» waksinalaryndan peýdanylýar.

Hökümet 2020-ni ýylyň martynda ýapylan mekdepleri şu ýylyň oktýabrynda açmagy meýilleşdirýär. Oňa çenli hemme okuwçylaryň waksina kabul etmegi zerurlykdyr. Şu wagta çenli dersler telewideniýe arkaly alyp baryldy, sebäbi maşgalalaryň hemmesinde internet ulanmak mümkinçiligi ýok.

Dünýäniň birnäçe döwletlerinde, hususanda, Ýewropa sebitlerinde waksina urmak işleri 12  ýaşly çagalardan başlanan. Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri we Wenesuela tiz wagtda 12 ýaşdan kiçilere hem waksina urup başlamakçy.

Kuba hökümeti Russiýa ýa-da Hytaýdan waksina almagy islemedi, mundan daşary ol rowaçlanýan döwletlere kömek bermäge niýetlenen COVAX programmasyndahem gatmaşmaýar.

“Apple” güýzki tanyşdyryş çäräsi: täze “iPhone” gelýär

Ýene-de okaň

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar