TEHNOLOGIÝA

Kosmosda surat çeker

Şu ýylyň 8-nji dekabrynda “Soýuz MS-20” kosmos gämisi bilen ýaponiýaly işewür Ýusaku Maedzawa we prodýuser Ýozo Hirano bilen bir hatarda russiýaly kosmonawt Aleksandr Misurkin kosmos giňişligine çykar.

Surat çekmek bilen meşgullanýan ýapon işewüri Ýusaku Maedzawa kosmosda hem bu söýýän hobisini taşlamak islemeýär. Ol Halkara kosmos bekedinde surat çekmegi meýilleşdirýär.

Ol suratyny kendir mata çekmegi göz öňünde tutýar. Munuň üçin oňa ýörite gutuda surat çekmek üçin esbaplar hem-de germetiki gutuda bolsa kendir matasy berler. Işewüriň nämäniň suratyny çekjekdigi barada hiç zat aýdylmady.

Kosmos syýahatçylary älem giňişliginde 12 gün bolarlar. Munuň üçin olar ýarym ýyldan bäri taýýarlyk görýärler.

Gazagystandaky Baýkonur kosmodromynda ýapon syýahatçylar taýýarlyk işlerini geçdiler.

Ýapon syýahatçylar rus kosmos gämisi bilen Halkara kosmos bekedine ilkinji gezek çykýarlar. Mundan ozal, rus kosmos gämisi bilen Kanadanyň, ABŞ-nyň hem-de GAR-yň syýahatçylary kosmos bekedine äkidilipdi.

Käbir maglumatlara görä, kosmos bekedine amala aşyryljak kosmos syýahaty üçin 20 bilen 40 million dollar arasynda çykdajy edilýär.

 

7-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi