SPORT

Kosmosda Olimpiýa oýunlary

Halkara kosmos stansiýasynda hyzmat edýän kosmonawtlaryň hem-de astronawtlaryň arasynda Olimpiýa oýunlaryny şanyna “kosmos oýunlary” geçirildi.

“Soýuz” topary we “Dragon Team” diýlip iki topara bölünen kosmonawtlar agyrlyk güýji bolmadyk ýagdaýynda özara bäsleşdiler.

Taryhdaky ilkinji kosmos Olimpiýa oýunlarynda üfläp tennis topuny garşydaş derweze girizmek, sinhronly süýşmek we kosmos gimnastikasy ýaly gyzykly oýunlar boýunça ýaryşlar geçirildi.

ABŞ-nyň NASA edarasynyň beren beýanatyna görä, “Soýuz” topary bu oýunlarda “Dragon Team” toparyndan üstün çykdy.

Şeýlelikde, rus kosmonawtlaryň ilkinji kosmos Olimpiýa oýunlarynda ýeňiji bolandygyny habar berildi.

 

“Trendyol” kompaniýasynyň gymmatyny ýokarlandyrdy

 

Related posts

Dünýä çempiony ozalky toparyna dolanyp bardy

Ispaniýanyň iň köp gazanýan futbolçylary we tälimçileri

Aziýanyň tennis federasiýasy Türkmenistanda tennisiň ösüşine ýokary baha berdi