TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Kosmosa ilkinji syýahatçylyk uçuşy

Riçard Brenson adamzadyň taryhynda kosmosa syýahatçylygy amala aşyran ilkinji milliarder boldy. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän “Virgin Galactic” kompaniýasynyň döreden kosmos gämisi bilen ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. 70 ýaşy işewür “Unity” gämisi bilen kosmos giňşiligine göterilip, hususy kosmos syýahatçylygynda täze sahypany açdy.

– Çagalygymdan kosmosa uçmagy arzuw edýärdim, ýöne, dogrusyny aýtsam, hiç zat sizi kosmosdan Ýere açylýan görnüşe doly taýýarlap bilmez. Jadyly bir zat – diýip, milliarder işewür Brenson belläp geçdi.

“Unity” gämisi Nýu-Meksikodaky “America” kosmodromyndan uçuryldy. Brenson bilen bilelikde “Unity” gämisi bilen kosmos giňişligine kosmosda uçuşy we synaglaryny amala aşyran Bet Mozes, enjamlara jogap berýän Kolin Bennett, kosmosda adamlaryň galmagynyň tejribesine baha berýän Sirişa Bandla, uçarmanlar Deýw Makkeý hem-de Maýkl Mazuççi çykdy.

Kosmos gämisi 86 kilometr belentlige çykdy. Bu uçuş bir sagada golaý dowam etdi. Brenson köp ýyllardan bäri arzuw edip gelýän synagyny amala aşyrdy. Onuň 2004-nji ýylda döreden bu kompaniýasy 17 ýyldan soňra ilkinji uçuşyny amala aşyrmagy başardy.

Kompaniýa ýene-de 2 sany synag işlerini geçirip, 2022-nji ýylda kosmos syýahatçylygyny durmuşa geçirmegi maksat edinýär.

Aslynda Brenson tarapyndan açylan kosmos syýahatçylyk bazary 2030-njy ýyla çenli 3 milliard dollara ýeter diýip, Şweýsariýanyň UBS maýa goýum banky çaklaýar. “Virgin Galactic” geljekki uçuşlar üçin eýýäm birnäçe orun satdy, bilet bahasy takmynan 250 müň dollara deňdir.

Iýul aýynyň içinde dünýäniň ýene-de bir baýy Jeff Bezos hem özüniň “Blue Origin” kompaniýasy bilen kosmosa ilkinji uçuşyny amala aşyrar.

 

Ýewropa çempionatynyň iň gowy futbolçylary

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle