TEHNOLOGIÝA

Kosmosa çykjak ilkinji ýaş oglan

Dünýä belli “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjy Jeff Bezos 20-nji iýulda kosmos giňişligini ilkinji syýahatçylyk maksatly uçuşyny amala aşyrýar. Onuň bilen bu kosmos uçuşyna gitmek üçin bilet satuwy amala aşyryldy. Şol 28 million dollara satyn alan, adyny mälim etmedik adam bu syýahatçylykdan boýun towlady.
Onuň ýerine niderlandly işewüriň 18 ýaşly ogly Oliwer Demen kabul edildi. Şeýlelikde, Bezos 18 ýaşly talyp Oliwer Demon, 82 ýaşly uçarman Uolli Fank hem-de öz dogany kosmos syýahatçylygyny amala aşyrar.
Oliwer Demon kosmos giňişligine çykan ilkinji ýaş adam bolar. Ol “Somerset Capital Partners” kompaniýasynyň baş direktorynyň Jos Demeniň ogludyr. Onuň hem oglunyň bu kosmos syýahatçylygy üçin töleg edendigi aýdylýar.
“Blue Origin” kompaniýasynyň “New Shepard” kosmos gämisi 100 kilometr belentlige çykar. Mundan ozal, bu kosmos gämisi 15 gezek synag edildi. Bu gezek uçuşda kosmos gämisindäki ýolagçylar birnäçe minut özlerini agramsyz duýarlar. Soňra kosmos gämisi ýene-de Ýere dolanyp geler. Bu uçuş 11 minut dowam eder.
Mälim bolşy ýaly, mundan ozal, ýagny 11-nji iýulda ýene-de bir milliardder Riçard Brenson özüniň, galyberse-de dünýädäki ilkinji kosmos syýahatçylygyny amala aşyrypdy. Olaryň uçuşy 85 kilometre çenli baryp ýetipdi. Bezosyň kosmos syýahatçylygy 100 kilometre çenli gider.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/apple-den-ozduran-kompaniya/

Ýene-de okaň

Ilon Maskdan iň “akylly” emeli intellekt taslamasy

“TikTok” tory “Apple Store” we “Google Store” gaýdyp geldi

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt üçin 200 milliardlyk maýa goýum meýilleşdirýär

Gazagystan emeli aň boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask 97 milliard dollar teklip etdi,  Sam Altman kabul etmedi!

Fransiýada emeli intellekt üçin maýa goýumlary 85 milliard dollara ýetdi