TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Kosmosa çykan ýapon milliarderiň nobatdaky maksady

Ýaponiýaly milliarder Ýusaku Maezawa kosmosa eden syýahatynyň dünýäde täze bir düşünje döredendigini we indiki maksadynyň Mariana çöketligine barmakdygyny aýtdy.

Kosmos stansiýasynda kömekçisi Ýozo Hirano bilen 12 gün geçiren ýapon milliarderi Ýusaku Maezawa Ýaponiýa gaýdyp geleli bäri eden ilkinji çykyşynda “häzirki dünýäni has-da gadyrlaýandygyny” aýtdy.

Maezawa Tokioda geçirilen metbugat ýygnagynda “Kosmosa gitmek sizi dünýä bilen hasam gyzyklandyrýar. Ýeli duýmagyňy, yslary we pasyllary duýmagyňy öwrenýärsiň. Dünýäniň has ajaýypdygyny gördüm” diýip öz pikirlerini beýan edti. Maezawa kosmosda bolan döwründe hajathana, şampun bilen ýuwmak we dişleri ýuwmak ýaly işler barada birnäçe wideolary öz internet saýtlarynda ýerleşdiripdi.

Millioner nol agyrlyk güýjünde ýaşamagyň, şol sanda uklamagyň käbir kynçylyklaryny düşündirip: “Uka gitmek aňsat däl, sebäbi uklap ýatyrkaňyz hemişe ýüzýärsiňiz, bedeniňizi gurşaýan hiç zat ýok” -diýdi.

Maezawa, ýapon suratkeşiniň kiçijik bir eserini “ISS”-e alyp gidendigini we beýlekileriň göwnünden turmagy üçin aňyrda galdyrandygyny mälim etdi.

“ISS” syýahaty, 46 ýaşly Maezawa meýilleşdirilen kosmos syýahatynyň diňe ilkinjisi boldy.

Ilon Maskyň “SpaceX” tarapyndan dolandyrylýan başga bir taslamasynda Maezawa, 2023-nji ýylda sekiz adamy Aýyň töweregine syýahat etmegini meýilleşdirýär. Ýapon milliarderi Maezawa: “Kellämde täze bir açyş bar” diýip, ýakynda täze bir taslama başlajakdygyny hem mälim etdi.

Maezawa: “Diňe ýokaryk däl, eýsem aşak hem syýahat etmek meniň başga bir arzuwym. Men ummanyň düýbündäki Mariana çöketligine gitmek isleýärin” -diýdi. Ol meýilleşdirilýän syýahatyň käbir elementleriniň, şol sanda ulanjak suwasty gämisiniň we ekspedisiýanyň näçe wagt dowam etjekdigini öňünden kesgitländigini, ýöne jikme-jiklikleri aýan etmejekdigini aýtdy.

Millioner özi baradaky tankytlara jogap berip: “Elbetde, käwagt tankyt ediler, kynçylyk çekeniňde käwagt şowsuz bolarsyň. Käbir adamlar gorkup, ýüz öwürip bilerler. Meniň pikirimçe, men hemişe üstünlik gazanyp bilemok. Ähli arzuwlarymy amala aşyryp bilemok. Ýöne kynçylyklary ýeňip geçmegiň gyzyklydygyna ynanýaryn” -diýdi.

 

Türkmenistan çagalara sanjym geçirmekde Merkezi Aziýada öňde barýar

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle