TEHNOLOGIÝA

Kosmos syýahatçylygy üçin ýoldaş gözleýär

Ýaponiýaly baý işewür Ýusaku Maezawa kosmos syýahatçylygy üçin özüne ýoldaş gözleýär. Ol munuň üçin Ilon Maskyň eýeçiligindäki ” SpaceX” bilen Aýa gitmek üçin ýene-de 8 sany meýletinçi gözlenilýändigini habar berdi.

Dünýäniň ýeke-täk emeli hemrasy bolan Aýa ilkinji gezek aýak basylanylandan bäri ýarym asyrdan gowrak wagt geçdi. Indi Aýa ilkinji syýahatçyny ibermegiň wagty geldi. Munuň üçin degişli işler alnyp barylýar. 2023-nji ýylda Aýa iberiljek ilkinji syýahatçylaryň biri ýapon işewürdir.

Ýapon işewür özüne ýoldaşlyk etjek 8 meýletinçi baradaky ýüztutmalaryň 14-nji marta çenli dowam edýändigini mälim etdi.

Mask öz şäherini gurar

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler