JEMGYÝET

Kosmonawt zenan «Barbi» görnüşinde

«Roskosmosyň» düzümindäki ýeke-täk zenan kosmonawt bolan Anna Kikina Barbi gurjaklarynyň täze görnüşiniň prototipi görnüşinde saýlanyp alyndy. Bu barada TASS-yň habarynda aýdylýar.

Aýdylyşy ýaly, täze gurjaklar iki görnüşde taýýarlanyldy. Olaryň ikisi hem kosmonawtyň lybasyndadyr. Ýöne ýüz keşbinde kosmonawt zenanlar ylham alnan gurjaklar satuwa çykarylmaz. Çünki ol adamyň älem giňişligine ilkinji gezek gadam goýmagynyň 60 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralarda görkeziler.

Kosmonawt zenanyň özi bolsa bu gurjaklary geljekde älem giňişligine alyp çykmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem bu gurjaklar baradaky pikirini «Kosmonawt bolmak gurjak oýnaýan her bir gyzjagazyň arzuwy bolman biler. Esasy zat gyzjagazlaryň öňünde anyk maksat goýmagy başaryp, şol maksada hem ýetmegidir» diýen sözler bilen beýan etdi.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/ysrayyl-ahli-yurtlar-bilen-howa-gatnawlaryny-yola-goydy/
 

Ýene-de okaň

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar