TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusa garşy spreý sanjym

Hytaý Halk Respublikasynda koronawirus ýokanjyna garşy sepilýän spreý sanjymy öndürmek işi alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu derman serişdesiniň kliniki synaglarynyň birinji tapgyryndadygy mälim edildi. “South China Morning Post” neşiriniň habar bermegine görä, bu kliniki synaglara 10 adam gatnaşdy.

Gonkong uniwersiteti tarapyndna işlenip düzülen koronawirusa garşy aerozol sanjymy diňe iki-üç ýyldan sarp edijiler üçin elýeterli bolar.

Neşiriň bellemegine görä, derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda. Gözleg toparynyň agzasy, professor Iwan Hung Fan-ngai sanjymyň howpsuzdygyny we synag edilen adamlardaky netijeleri boýunça ylmy-barlaglary alyp barýandyklaryny bellegi.

Bu sanjymy çagalaryň sanjymynda hem ulanmaga rugsat berilmegi göz öňünde tutulýar. Hytaýly lukmanlar bu sanjymy 6 aýlyk bäbekden uly ýaşly adamlara çenli ulanmak mümkinçiligini döretmek üçin tagall edýär. Bu sanjymy beýleki sanjymlardan tapawutlylykda, bir gzke ulanmagyň ýeterlik boljakdygy mälim edildi.

Şeýle sanjymy Hytaýdan başga-da, Awstraliýanyň hem-de Finlýandiýanyň alymlary hem taýýarlamak ugrunda çemeleşýärler.

 

Baýdeniň ilkinji daşary ýurt sapary

 

Ýene-de okaň

THY gar ýagyşy sebäpli gatnawlaryny ýatyrdy

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

Ata Watan Eserleri

Teswirle