SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus üçin “ýaşyl geçelge” resminamasy ýatyryldy

Italiýada koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek maksady bilen durmuşa geçirilen “ýaşyl geçelge” şahadatnamasy köp babatda ýatyryldy.

Epidemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak we köp sanly jemgyýetçilik çäreleri üçin zerur bolan sanjym derejesini ýokarlandyrmak üçin geçen ýylyň awgust aýynda ýola goýlan “ýaşyl geçelge” şahadatnamasy ýatyryldy.

Şoňa laýyklykda, restoranlara, kafelere, muzeýlere, kinoteatrlara, teatrlara we ýapyk ýerlerdäki konsertler hem-de dürli dabaralara barlanda, şeýle hem jemgyýetçilik ulaglaryna münülende soralýan “Ýaşyl geçiş” şahadatnamasy mundan beýläk talap edilmeýär.

“Ýaşyl geçelge” şahadatnamasynyň ulanylmagy ýurtda ýatyrylsa-da, käbir ýapyk ýerlerde agyz-burun örtüklerini ulanmak düzgüni iýun aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

Şoňa laýyklykda, jemgyýetçilik ulaglarynda, otluda, uçarda, awtobuslarda, şäherara gatnawlarda 15-nji iýuna çenli örtük dakynmak düzgüni dowam eder.

Mekdeplerde bolsa, 2021-2022-nji okuw ýylynyň ahyryna çenli örtük dakynmak düzgüni öz güýjüni saklar.

Italiýada açyk meýdanda örtük dakynmak düzgüni 11-nji fewralda ýatyrylypdy.

 

Azerbaýjanda ýapyk binalarda örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy

 

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy