BILIM

Koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň ilkinji medeni çäräsi

Paýtagtymyz Aşgabatdaky Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi ilkinji medeni çäräsini gurady. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçirildi.

Dabara Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sungçul Şin hem-de ilçihananyň işgärleri, Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezinde dil öwrenýän ýaşlar gatnaşdy. Myhmanlar türkmen myhmansöýerligi bilen garşylandy. Olary türkmen we koreý milli lybasyndaky gyzlar garşy aldylar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan dabarasynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sungçul Şin gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Dabarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýete dogrusynda gürrüň edildi.

Şeýle hem dabarada Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezinde dil öwrenýän diňleýjiler çykyş etdiler. Olar koreý dilinde aýdymdyr goşgulary ýerine ýetirdiler.

 

Koreý dilini öwrenmek isleýänler üçin : Amatly we elýeterli

Related posts

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmen döwlet uniwersitetinde Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň Halkara gatnaşyklar institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler