JEMGYÝET

Köp çagaly maşgalalara ýeňillikler dörediler

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslatynyň mejlisinde eden çykyşynda köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri döretmek barada durup geçdi.

Şoňa laýyklykda, milli Liderimiz öz çykyşynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarymyza esaslanyp, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olara goldaw bermek we höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidiris. Bu işleri kanunçylyk esasynda berkitmelidiris. Şoňa görä-de, köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri bermegi göz öňünde tutýan ilatyň durmuş taýdan goraglylygy hakyndaky kanunçylyga degişli üýtgetmeleri girizmek zerur bolup durýar – diýip, belledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolan ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde mähriban enelerimiz uly hormata mynasypdyr we möhüm orny eýeleýärler. Şoňa görä-de, men Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalary girizmek maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin – diýip, aýtdy.

Bulardan başga-da, çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilse, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylsa, köp çagaly maşgalalaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam eder – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanda tehnologiýaly önümçilik pudaklary dörediler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

EKSPO-2025: Türkmenistanyň pawilýony 2 milliondan gowrak myhmany kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Stanfordly türkmen alym: “Makul Sözlük” – nesiller bilen diaspora arasynda gurlan täsin bir köprüdir

Antoniu Guterriş Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisi Türkmenistanda geçiriler