BIZNES

Kerkidäki beket türkmen elektrik energiýasyny Owganystana eksport edýär

«Kerki ― 500 kw» elektrik bekedinde Mary döwlet elektrik stansiýasyndan gelýän elektrik togy dört ölçegde peseldilip, sarp edijilere ugradylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Şunda iň ýokary ölçegdäki 220 kw elektrik togy bolsa Owganystana eksport edilýär.

Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu beket güýjenmesi 500 kilowolta çenli bolan elektrik toguny kabul edip bilýär. Munuň üçin Mary ― Kerki aralygynda 388 kilometrlik elektrik geçirijisi çekildi. Bekede gelip gowşan elektrik togy ýörite transformatorlaryň 13-si arkaly peseldilýär.

Mälim bolşy ýaly, bu ýerde elektrik togy Owganystana Kerki ― Şibirgan ugry boýunça eksport edilýär. Bu ulgam şu ýylyň ýanwar aýynda işe girizildi. Umumy uzynlygy 153 kilometre barabar bu elektrik geçiriji güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik toguny goňşy Owganystan döwletiniň Mazari-Şarif şäherine çenli eltip bilýär. Bu şäherde ol ýörite gurlan beketde kabul edilip, degişli ugurlara paýlanylýar. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasyny, bu goňşy ýurt, ylaýta-da, onuň demirgazyk welaýatlary peýdalanýar. Bu ulgam 2022-nji ýylyň başyna Owganystanyň Puli-Humri we Kabul şäherlerine barar. Şunlukda, goňşy ýurtda türkmen elektrik energiýasyny ulanýanlaryň sany 9 million adama ýeter.

 

Ýurdumyzyň türgenlerini sylaglamak dabarasy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürlik forumy we sergisi 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriler

Awtomobil ulagynda ýük daşamak boýunça kanunçylyk kämilleşdirildi

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berler

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda 2025-nji ýylyň iň möhüm wakalary

Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek sergiler

Amerikada zähmet çekmek wizasynda wajyp täzelik: H-1B lotereýasy ýatyrylýar