TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Kerki şäherinde suw serişdelerini dolandyryş merkezi dörediler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ekinleri suw bilen üpjün etmegiň talabalaýyk ýola goýulmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere ýakyn wagtda Kerki şäherine gitmegi we şol ýerde hemişelik esasda dolandyryş merkezini guramagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz suwuň ýagdaýyna görä, merkeziň göçme mejlisleriniň geçirilmeginiň talabalaýyk boljakdygyny belläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen doly üpjün edilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, obasenagat toplumynyň işini talabalaýyk ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwaryş akabalaryny, howdanlary talabalaýyk saklamak bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini, bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça degişli gulluklar bilen bilelikde teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

 

28-nji iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Wengriýa Türkmenistanyň tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan BMG-ä hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegi teklip etdi

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisi taslamasyny tizleşdirmek üçin Meýilnama gol çekildi

Teswirle