SPORT

“Kaýrat” topary Gurban Berdiýewi doglan güni bilen gutlady

Gazagystanyň “Kaýrat” topary özüniň ýaňy bellenen baş tälimçisi Gurban Berdiýewi doglan güni bilen gutlady. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Gurban Berdiýew 1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Gurban Berdiýew futbol oýnan ýyllarynda ýarym goragçy hem-de käte goragçy orunlarynda oýnady. Ol futbol bilen 1959-njy ýylda gyzyklanyp başlaýar. “Kolhozçy”, “SKA”  we “Rostelmaş” toparlarynda oýnady. 1977-nji, 1981-1985-nji hem-de 1993-nji ýyllarda “Kaýrat” toparynda futbolçy boldy. “Kaýrat” toparynyň düzüminde 175 duşuşykda 34 gezek tapawutlandy.

Gurban Berdiýew “Himik” toparynda tälimçilik durmuşyna gadam basdy. Soňra “Kaýrat” toparynyň tälimçisiniň kömekçisi boldy. Berdiýew tälimçi Bahtiýar Baýseitow bilen “Kaýrat” toparyna ilkinji çempionlygyny gazandyrdy. Soňra Berdiýew Türkiýäniň “Gençlerbirligi” toparyna tälim berdi. 1994-nji ýylda ýene-de Almaty şäherine dolanyp geldi, ýöne bu gezek tälimçi bolup dolanyp geldi.

Soňra ol “Munaýşy”, “Nisa”, “Kristall”, “Rubin” hem-de “Rostow” ýaly toparlara tälim berdi. Bu toparlar bilen çempion bolup, birnäçe kuboklayr gazandy.

Gurban Berdiýew “Rubin” topary bilen dünýäniň ägirdi Ispaniýanyň “Barselona” toparyny (şol döwürde düzüminde Messi, Hawi, Inýesta ýaly futbolçylar bardy) öz meýdançasynda, ýagny “Kamp-Nou” stadionynda ýeňmegi başaran seýrek tälimçileriň biridir.

Gurban Berdiýew 27-nji maýda “Kaýrat” toparynyň Gözegçilik geňeşiniň ýolbaşçysynyň geňeşçisi wezipesine bellenipdi. 24-nji awgustda bolsa toparyň baş tälimçiligien bellendi.

“Kaýrat” futbol klubynyň uly maşgalasy Gurban Bekiýewiçi doglan güni bilen gutlaýar, oňa saglyk we uzak ömür, topar bilen bilelikde uly we ajaýyp ýeňişler arzuw edýär!

 

Gurban Berdiýew “Kaýrat” toparynyň baÅŸ tälimçisi boldy

Ýene-de okaň

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy