TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Kädi barada gyzykly maglumatlar

Kädi baradaky gyzykly maglumatlar bagda ösýän uly miweler hakynda has köp zat öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Onda adam bedeni üçin zerur bolan köp mukdarda witaminler we minerallar bar. Köp ýurtda ondan dürli tagamlar we kokteýller ýasalýar.

Ýurdumyzyň ähli künjeginde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň biri hem kädidir. Kädi bir ýyllyk ösümlik. Ol  iýun-iýul aýlarynda gülleýär. Onuň miwesi awgust aýlarynda ýetişýär. Ol ýabany görnüşinde gabat gelmeýär. Kädiniň watany Meksika, Demirgazyk we Günorta Amerika hasaplanýar

Kädiniň düzüminde iýmit-siňdiriş organlarynyň işini kadalaşdyrýan we ýag çalşygyny çaltlandyrýan pektinleriň köp mukdary saklanylýar. Şeýle-de onda kaliý, magniý, fosfor, demir, sink, marganes, W witamin toparlary, C witaminleri, RR (nikotin kislotasy) we K köp.

Eger bular ýeterlik bolmasa, onda kädiniň çigitlerine hem üns beriň. Olar suwuk ýag kislotalaryna, ösümlik beloklaryna we E witaminine baý. Olaryň düzüminde holesteriniň derejesini sazlaýan fitosterollar hem saklanylýar.

  • Kädiniň  takmynan 20 görnüşi bar.
  • Alymlar adamlaryň takmynan 5 müň ýyl ozal kädini ösdürip ýetişdirendigini aýdýarlar.
  • Meksika kädiniň watany hasaplanýar.
  • Kädi garrylyga garşy göreşde kömek edýär, sebäbi düzüminde E we A witaminleri bar.
  • Kädi Antarktidadan başga bütin dünýäde ösdürilip ýetişdirilýär.
  • Kädiniň şiresi kadaly we oňat uky üçin peýdalydyr.
  • Ähli gök önümleriň arasynda kädiniň düzüminde demiriň köp mukdary bar. Şol sebäpli ganazlykdan ejir çekýän adamlar üçin ulanmak maslahat berilýär.
  • Gaýnadylan ýa-da bişirilen kädi beden tarapyndan ajaýyp siňdirilýär, şonuň üçin çaga iýmitinde giňden ulanylýar.
  • Kädi diňe mämişi reňkde bolman, eýsem ak, gök we ýaşyl reňklerde hem bolýar.
  • Käbir Afrika ýurtlarynda kädi motosikl kaskasy hökmünde hem ulanylýar.
  • Kädiniň şiresi ajaýyp antioksidant hasaplanýar.
Abdyleziz Öwezow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.

 

 

Ahalteke bedewleriň toýuna taýýarlyk

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle