DÜNÝÄ

Jozef Baýdenden milli Liderimize minnetdarlyk

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi. Şol hatda Jo baýden Türkmen Liderine Türkmenistanyň Hökümetine şu ýylyň awgustynda we sentýabrynda Owganystandan raýatlary çykarmak işi wagtynda beren kömegi üçin hoşallyk bildirdi. 

ABŞ-nyň Prezidentiniň hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

– Size hem-de Türkmenistanyň Hökümetine şu ýylyň awgustynda we sentýabrynda Owganystandan raýatlary çykarmak işi wagtynda beren kömegiňiz hem-de hyzmatdaşlygyňyz üçin hoşallyk bildirýärin. Biz Siziň üstaşyr uçuşa, ýangyç guýmaga öz wagtynda dessin rugsat bermekdäki kömegiňize, ýolagçylary barmaly ýerlerine äkitmekdäki ýardamyňyza ýokary baha berýäris.

Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar wajypdyr hem-de men onuňýyldan-ýyla pugtalandyrylýandygynyňşaýady bolýandygyma şatdyryn. Sebäbi biz howa, sebit howpsuzlygy, adam hukuklary we ykdysady mümkinçilik ulgamlarynda tagallalarymyzy goldamak üçin bilelikde iş alyp barýarys.

Birleşen Ştatlar, ozalkysy ýaly, Türkmenistanyň özbaşdaklygyny, Garaşsyzlygyny hem-de çäk taýdan bitewüligini pugta goldaýar.

 

Milli Liderimiz dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar