DÜNÝÄ

Josef Baýdenden Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag haty

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. ABŞ-nyň Prezidenti öz gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady.

Hususan-da bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň üçünji Prezidenti bolandygyňyz mynasybetli, Size, Siziň maşgalaňyza we ýurduňyzyň halkyna şatlykly hem-de abadan Nowruz baýramyny arzuw edýärin. Parahatçylygyň we täzelenişiň şu gününde Birleşen Ştatlarda we Ýer ýüzünde köp adamlar bu ajaýyp baýramy bellemek üçin Size goşulýarlar.

Şu ýyl ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Diwanymyň işgärleri Siziň ýurduňyz bilen howpsuzlyk babatda umumy maksatlara ýetmek, Owganystanyň terrorçylar üçin gaçybatalga bolmazlygy hem-de metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda umumy maksatlara ýetmäge, şeýle hem biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzy ilerletmek, Hazar energetikasyny ösdürmek boýunça bilelikdäki işlerimiziň dowam etdirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy