BIZNES

«John Deere» kompaniýasy bilen ähtnama gol çekildi

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda “Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen «John Deere Walldorf GMbH & CO. KG» kompaniýasynyň arasynda hususy we telekeçilik ulgamlarynda, oba hojalygy ösdürmegiň we suw serişdelerini tygşytlamagyň meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasyna gol çekildi.

Agzalan resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, «John Deere Walldorf GMbH & CO. KG» kompaniýasy tarapyndan kompaniýanyň GDA boýunça Wise-Prezidenti Alekseý Kuznesow gol çekdiler.

Ähtnama laýyklykda2022-2031-nji ýyllar aralygyndaky döwürde:

 täze tehnologiýalary we tejribeleri görkezmek we synagdan geçirmek bilen netijeli gepleşikleri açmak we alyp barmak;

  • ýer gazýan we oba hojalyk tehnikalarynyň we suwaryş ulgamlarynyň dogry we başarjaňlyk bilen işledilmegi üçin oba hojalygy alyp barmagyň häzirki zaman usullary boýunça ýörite yzygiderli bilim beriji we öwrediji maksatnamalary gurnamak we durmuşa geçirmek;
  • iň täze tehnologiýalar ýüze çykanyndan olary öwretmek boýunça ýörite okuw maslahatlaryny we maksatnamalary geçirmek;
  • «John Deere» kompaniýasynyň adyndan Türkmenistanda ýerleşýän resmi «Hyzmat agenti» – BK «IPC Agri» zerurlygyna görä hususy daýhanlara we telekeçilere maslahat bermek;
  • «John Deere» kompaniýasynyň maliýe bölümi bolmak bilen Deere Credit Inc. hususy daýhanlar we telekeçiler üçin önümleriň maliýeleşdirilmegine ýardam etmek üçin karzlaşdyrmagyň aýratyn şertleri boýunça umumy bahasy 200 million amerikan dollaryna barabar teklipleri bermek göz öňünde tutulýar.

GRE maksatnamasy – Gibrid okuw ýaz möwsümi 2022

 

Ýene-de okaň

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler

Türkmenistan Stambulda “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşdy

Türkmenistan “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” 3-nji ykdysady forumyna gatnaşdy