JEMGYÝET

Jelaleddin Türkmen : Jelaleddin Meňburny barada makalalar

Soňky 815 ýyl bäri türkmen halkynyň taryhynda Jelaleddin Meňburnynyň şahsyýeti diňe ony döreden halky-türkmenleri däl-de, eýsem, musulman gündogarynyň taryhy bilen iş salyşýanlaryň hemmesini, şol sanda adaty okyjylary gyzyklandyryp gelýär.

Eýsem, onuň gysga ömründe geçen joşgunly we ynjalyksyz ýoly dürli wakalardan doly bolupdy. Jelaleddin-ýeňiş gazanypdy, ýeňlipdi. Nijeme gezekler töwekgellik edipdi. Ajala gol bulap, gözsüz batyrlyk eden ýerleri hem bolupdy. Dünýäniň uzak müňýyllyklarda ýaşap geçen hemme hökmirowanlaryna mahsus bolan diýdimzorluk, sütem hem görkezipdi. Ýöne… Duşmanyň öňünde welin kiçelmändi. Öz yzyna ynam bilen düşenleri-de peseltmändi. Egbar ýagdaýa salmandy.

Duşmanlary, ýagny mongollar, onuň bilen döwürdeş käbir türki gelip çykyşly emirler hem oňa ýurdunyň islän künjeginden mal-mülk hem teklip edipdiler. Emma, hakykat ýüzünde, türkmeniň gowgaly zamanda döreden ogly ýurdunyň, halkynyň garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny bu dünýäniň hiç-bir behişdine çalyşmandy. Watan sözüni özüne mukaddes tug edinipdi. Watanyň satylmaýandygyny, çalyşyp bolmaýandygyny  soňky nesillere görelde hökmünde goýup gidipdi.

Ol beýik şahsyýet, ýanbermez serkerde hökmünde türkmeniň hakydasynda müdümi orun aldy. Onuň aňyrsy-bärisine göz ýetmeýän sähralary, deňizdir derýalary, dürli dilli we  ymmatly halklary öz içine alan soltanlygyň ujypsyz bölegini dolandyran döwri halkymyzyň hakykatdan-da ykbalynyň keç zamany bolupdy. Käbir alymlar Jelaleddiniň aşa gazaply, rehimsiz bolandygyny, örän köp meseleleri täk özüniň çözendigini belleýärler.

Arheolog merhum Bäşim Annagurbanow tarapyndan ömrüniň soňky aýlarynda ýazyp “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna beren jemi 4 bölümden ybarat Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny baradaky makalalaryny gaýtadan Size ýetirýäris.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/jelaleddin-turkmen-ya-da-jelaleddin-menburny/

https://www.atavatan-turkmenistan.com/yaslyk-yyllary-jelaleddin-menburny/

https://www.atavatan-turkmenistan.com/cingiz-hanyn-horezme-cozmagy-jelaleddin-menburny/

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/oz-asyrynyn-ogly-jelaleddin-menburny/

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen gallaçylary 1 million tonna bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana döwlet saparyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Malaýziýa täze ylalaşyklara gol çekdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi

Arkadag şäherinde gurulýan metjit «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylar