TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Jeff Bezos kosmosa uçjakdygyny mälim etdi

«Amazonyň» esaslandyryjysy Jeff Bezos 20-nji iýulda dogany we «Blue Origin» uçarynyň satuwdaky ýeňijisi bilen kosmosa uçýar. Ol bu barada özüniň «Instagramdaky» sahypasynda habar berdi.

Has takygy, Bezos habarynda: «Bäş ýaşymdan bäri kosmosa uçmagy arzuw edýärdim. 20-nji iýulda men doganym bilen bu syýahata girişerin. Iň gowy dostum bilen ajaýyp gezelenje gidýärin» diýip ýazdy.

Milliarderiň eýeçiligindäki «Blue Origin» kompaniýasy öz «Twitter» hasabynda Bezos we dogany bilen bile  12-nji iýunda tamamlanjak satuwyň ýeňijisi hem kosmosa uçjakdygyny habar berdi.

Ýatladyp geçmeli bolsa, «Blue Origin» kompaniýasy  «New Shepard» kosmik gämisinde uçuş biletini online satuwa goýupdy. Bilet üçin tölenen pul, «Blue Origin» tarapyndan guralan «Club for the Future» gaznasyna geçiriler. Gaznanyň maksady ýaşlaryň ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlarynda gyzyklanmasyny artdyrmak hem-de kosmosdaky ýaşaýyş pikirlenmesini ösdürmekden ybaratdyr.

2018-nji ýylda «Reuters» «New Shepard» gämisinde uçuşyň bahasynyň 200 müňden 300 müň dollar aralygynda boljakdygyny we bahanyň  kompaniýanyň bäsdeşi  bolan milliarder Riçard  Brensonyň «Virgin Galactic» kompaniýasynyň meýilnamalaryna esaslanyp kesgitlenjekdigi aýdylypdy. «New Shepard» daşaýjy raketasy alty sany ýolagçyny Ýerden 100 kilometr belentlige alyp çykmaga  niýetlenendir (deňeşdirmek üçin HKS orbitasy ortaça 420 kilometr belentlikde ýerleşýär).

 

Telekeçiler 24 sany iri desgany işe girizdiler

 

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle