BIZNES

Jebelde halkara howa menzili gurlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça niýetlenen halkara howa menziliniň toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Gündogdy” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Halkara howa menziliniň gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we ony 2024-nji ýylyň dekabr aýynda doly ulanmaga taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Bu halkara toplumyň gurluşygy ýurdumyzyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär.

200-e golaý işgär işlejek täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 275 gektara barabar bolar. Taslamanyň düzüminde birnäçe binalardyr desgalar bolar.

“Gündogdy” hususy kärhanasy ýurdumyzda howa menzillerini gurmakda oňyn tejribä eýedir. Bu kärhana mundan ozal, Türkmenabat şäheriniň we Kerki şäheriniň halkara howa menzillerini gurup, ulanmaga tabşyrdy.

 

Aşgabatda sambo boýunça Dünýä çempionaty geçiriler

 

Ýene-de okaň

«Türkmenaragatnaşyk» we ýapon kompaniýasy hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy

Ulag ulgamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy

Türkmenistan Yslam Ösüş Banky we Singapur bilen port ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň wekilýeti Stambuldaky halkara ulag forumyna gatnaşdy

Aşgabatda Eýranyň senagat harytlarynyň sergisi geçiriler