JEMGYÝET

“Italiýa-Merkezi Aziýa” formatyndaky ministrler maslahaty geçirildi

Şu gün Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Italiýa-Merkezi Aziýa” formatyndaky 2-nji ministrler maslahaty geçirildi. Özbegistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahatda Türkmenistanyň daşary işler ministri wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Maslahata Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Italiýanyň daşary işler ministri Luiji di Maýo hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýuna ýorite wekili Tera Hakala gatnaşdy.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasynyň habar bermegine görä, taraplar Italiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Häzirki zaman kynçylyklaryna we howplaryna bilelikde garşy göreşmegiň möhümdigini bellenildi.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy gowulandyrmak, söwda we maýa goýum, ulag we üstaşyr ugurlarda hyzmatdaşlygyň özara täsiriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin mehanizmler babatda pikir alşyldy. Energetika, oba hojalygy we senagat enjamlary pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Pandemiýa garşy göreşmek we onuň netijelerini ýeňip geçmek boýunça çäreler barada pikir alyşmak arkaly saglygy goraýyş pudagynda bilelikdäki tagallalaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

 

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

Ýene-de okaň

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar

Dalaşgär-2026: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Dalaşgär-2026: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Balkan we Mary welaýatlaryna täze häkimler bellendi