TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ispaniýanyň Naýbaşy kubogynda “El Klasiko”

Ispaniýanyň Superkubogyny (Naýbaşy kubogy) gazanmak ugrunda mini ýaryş geçirilýär. Oňa “Barselona”, “Real Madrid”, “Atletiko Madrid” we “Atletik” toparlary gatnaşýar.

Toparlar öz aralarynda ýarym final duşuşygyny geçirer. Ýeňiji bolan toparlaryň arasynda final duşuşygy geçiriler.

Ýaryş Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçiriler. Duşuşyklar Patyşa Fahd adyndaky halkara stadionda oýnalar.

ILKINJI DUŞUŞYK “EL KLASIKO” BOLAR

Ispaniýanyň Superkubogynyň ilkinji ýarym finalynda “Barselona” bilen “Real Madrid” duşuşar. Şu gün geçiriljek bu “El Klasiko” duşuşygy futbol janköýerlerinde uly gyzyklanma döredýär.

“Barselona” topary Hawiniň tälimçiliginde täzeden güýç toplaýar. Hawiniň ýolbaşçylygynda “Barselona” topary 12 duşuşyk geçirip, onuň 5-sinde ýeňiş gazanyp, 3 duşuşykda ýeňildi.

Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” topary 32 utuk bilen 6-njy orny eýeleýär. Ispaniýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda 1/16 finala çykdy. Halkara arenada bolsa, Ýewropa Ligasynda çykyş etmeli bolar.

“Real Madrid” barada aýdylanda bolsa, bu topar Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylygynda şowly çykyş edýär. 49 utuk bilen Ispaniýanyň çempionatynda birinji orunda barýar.

Superkubok duşuşygy üçin toparlaryň düzümi:

“Barselona”: Ter Ştegen – Alba, Pike, Lengle, Alwes-Gawi, Buskets, De Ýong-Depaý, Dembele, Ýutgla

“Real”: Kurtua – Karwahal, Militao, Alaba, Mendi – Modriç, Kazemiro, Kross – Asensio, Benzema, Winisius.

Gyzykla maglumatlar

  • Soňky 4 “El Klasiko” duşuşygynda “Real” üstün çykdy.
  • “Barselona” soňky 6 duşuşygynda ýeňilmän gelýär.
  • “Real” bolsa, soňky 19 duşuşygynyň 17-sinde ýeňiş gazandy.
  • Soňky 5 duşuşygynda “Real” 9 gol geçirip, 4 gol geçirtdi.
  • Soňky 5 duşuşygynda “Barselona” 8 gol geçirip, 5 gol geçirtdi.

13 ÝANWARDA IKINJI DUŞUŞYK GEÇIRILER

13-nji ýanwarda “Atletiko Madrid” bilen “Atletik” toparlary duşuşar.

Toparlaryň düzümi:

“Atletiko”: Oblak – Lodi, Ermoso, Felipe, Lýorente – Lemar, De Paul, Kondogbia, Karrasko – Korrea, Suares

“Аtletik”: Simon – Balensiaga, Martines, Alwares, De Marko – Munian, Garsiýa, Wensedor, Berenger – Uilýams, Sançet

Gyzykly maglumatlar

  • “Atletiko” topary 13 soňky duşuşygynda “Atletik” toparyndan ýeňilmedi.
  • “Аtletik” bolsa Ispaniýanyň Superkubogynda myhmançylykdaky 12 duşuşygyň 11-inde ýeňilmändir.
  • “Atletiko” soňky 5 duşuşykda ortaça 2 goldan köp geçirýär.

ILKINJI GEZEK 4 TOPAR BILEN SUPERKUBOK ÝARYŞY

Ispaniýanyň milli çempionaty ilkinji gezek Superkubogy gazanmak ugrundaky ýaryşy 4 topar bilen geçirýär. Geçen ýyl Ispaniaýnyň Şa kubogyny gazanan topar, Ispaniýanyň çempionatynda çempion bolan topar, Şa kubogynda finala çykan topar hem-de çempionatda ikinji orny eýelän topar Superkubogy gazanmak ugrundaky ýaryşa gatnaşýar.

Geçen ýyl Ispaniýada çempion bolan “Atletiko Madrid” bilen Şa kubogyny eýelän “Barselona” toparlaryň hatarynda bu ýaryşa çempionatda ikinji bolan “Real Madrid” hem-de Şa kubogynda finala çykan “Atletik” topary hem goşuldy.

Final duşuşygy 16-njy ýanwarda oýnalar.

 

 

12-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messili Argentina ýary finalda

Katar-2022: Horwatiýa ilkinji ýarym finalçy

Ispaniýanyň ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Teswirle