SPORT

Ispan janköýer dünýä çempionatyna ýöräp barýar

Bilşiňiz ýaly, 2022-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Katar döwletinde futbol boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Umuman,  dünýä çempionaty köp sanly janköýerleriň tomaşa etmäge uly gyzyklanma bildirýän abraýly sport ýaryşlarynyň biridir.

Bu çempionatyň duşuşyklaryna tomaşa etmek üçin Ispaniýadan ýola çykan janköýer Santiago Sançes Kogedor pyýada ýöräp, Katara barmagy göz öňünde tutýar. 41 ýaşyndaky janköýer 6 aýda 3 müň kilometr menzil aşyp, Türkiýe Respublikasyna geldi.

Ol bu döwürde Fransiýa, Italiýa, Sloweniýa, Albaniýa, Bosniýa-Gersogowina, Gresiýa ýaly ýurtlardan geçip, Türkiýä bardy. Onuň bu döwürde 3 sany aýakkaby çalşandygy mälim edildi.

Türkiýäniň Mardin welaýatyndan Yraga geçmegi göz öňünde tutýan Sançes Kogedor Kuweýt döwletinden soňra noýabr aýynyň ortalarynda Katara barmagy meýilleşdirýär.

Sançes Kogedor pyýada ýöremegi we welosiped sürmegi özüniň durmuş pelsepesi ne öwrendigini mälim etdi.

Ispaniýada “Real Madrid” toparynyň janköýeri bolan Sançes by özboluşly syýahatçylygynda daş-töwerege zyňylan zir-zibilleri hem toplap, daşky guwşawy goramagyň hem möhümdigine üns çekmegi göz öňünde tutýar.

Ol Ispaniýa-Katar aralygyny mundan ozal welosipedli hem geçipdir.

 

Bill Geýts baýlygyny bagyş eder

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri