TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Iňlis dilini bilmekligiň nähili derejeleri bar?

Beginner – derejesi

Iňlis dili öwrenilip başlanylanda bu dereje iň başlangyç tapgyrlaryň biri bolup durýar. Bu ýerde adaty-gündelik aragatnaşyk saklamaga kömek etjek söz düzümi özleşdirilýär. Beginner derejesi öwrenilende adamlar iýmit, iş bilen baglanyşykly we şuňa meňzeş zatlary öwrenýärler. Mundan başga-da bu derejäni öwrenýänler sanlary, seneleri, özüni duýuşy hakynda hem aýdyp bilerler. “Sagat näçe?” diýen ýaly soraga-da jogap berip bilerler. Syýahat hakynda ýönekeý söhbetdeşligi hem goldap bilerler. Bu derejede 500-700 söz bilmek ýeterlik hasap edilýär.

 

Elementary – derejesi

Dili özleşdirmekligiň bu tapgyrynda adam diňe özi hakda däl, eýsem gysgarak söhbetdeşligi dowam etdirip bilmelidir. Bu derejede sözleriň aýdylyşy(sözlenilişi) hem möhümdir, ýagny gürrüňdeş bolýan taraplaryň hemmesine bu düşnükli bolmalydyr. Audio (diňlemeklik) ýazgylary – daşary ýurt dilini öwrenmegiň iň kyn görnüşi hasap edilýär. Elementary derejesini öwrenýän taraplar aýdylanlaryň, tekstleriň esasy manysyna düşünýändigini çaklaýar. Bu derejede (reading) okamagy özleşdirmek tekstiň esasy pikirlerini ele almagy öz içine alýar. Ýazuw işleri (writing) barada aýdanymyzda, bu dereje gysga habarlary ýazmaga mümkinçilik berýär, mysal üçin otkrytkalar, ýüz tutmalar, özüňiz hakda gürrüň bermek ýaly düşünjeleri getirip bolar.

Pre-Intermediate – derejesi

Iňlis dilini öwrenmegi dowam edenimizde, indiki zerur bolan pre-intermediate –derejesidir. Iňlis dilini bu derejede bilmeklik ukybynda bu kanagatlanarly dereje bolup, şahsy we umumy mowzuklary düşnükli aýdylyş (sözleýiş) bilen gürleşmäge mümkinçilik berýär. Bu derejede, eger-de bir zat düşnüksiz bolan ýagdaýynda, adam özüniň kynçylyk çekýän zadynyň sebäbini anyk düşündirip biler. Gündelik gabat gelýän temalarda bu derejäni özleşdirýän adam, öz pikirlerini we duýgularyny aç-açan beýan edip, ýeterlik derejede ynamly gürleşip biler. Adam tekstleri okanda, bu tekstiň manysyna düşünýär. Şol bir wagtyň özünde äheňi (intonasiýany) tapawutlandyrmagy başarýar we basymyň nirededigine düşünýär. Bu derejede ýazuw (Writing) işini özleşdirmek, sözlemi grammatiki taýdan dogry düzmäge, pikirleriňizi aýdyň beýan etmäge we dürli zatlara garaýşyňyzy beýan etmäge mümkinçilik berýän derejä ýetýär. Bu, adamyň resmi hatlary ýazmagy, ötünç ýa-da haýyşnama ýazyp biljekdigini, resmi däl hatlary, habarlary we otkrytkalary hem ýazyp biljekdigini aňladýar.

Intermediate – derejesi

Intermediate – öz pikiriňizi sada görnüşde aýtmaga, başga biriniň pikirine düşünmäge, beýlekileriň garaýyşlaryny we tekstleriň mazmunyny kesgitlemäge mümkinçilik berýän iňlis derejesidir. Mundan başga-da, eger-de bir zat düşnüksiz bolsa, düşündiriş soramaga we oňa düşünmäge mümkinçilik berýän derejedir. Bu derjedäki adamlaryň sözleri aýdyşy (sözleýişi) beýlekiler üçin düşnükli we dürs bolýar. Haçan-da Intermediate derejedäki adam, öz pikirini (duýgysyny) beýan edesi gelende äheň (intonasiýa) we basymy ulanyp biler. Aýdylanlaryň esasy pikirlerini, mazmunyny we umumy manysyny diňlemeklik ukyby bilen kabul edýär. Bu derejede eýýäm adam, şol dili göteriji tarapyň (ene dili bolan taraplaryň) sözleýişini tapawutlandyryp bilýär, mundan başga-da grammatiki taýdan sözlemleri dogry düzmegi (ýazmagy), beýannamalary, anketalary doldurmagy, resmi hatlary ýazmagy, bolup geçen wakalary suratlandyrmagy başarýar.

Upper-Intermediate – derejesi

Upper-Intermediate – bu dereje gowy dil bilmeklik diýlip tapawutlandyrylýar. Dürli ýagdaýlar bilen baglylykda, bu derejedäki adamlar adaty we resmi söhbetdeşligi dowam etdirip bilerler. Iki ýa-da ondan köp adamlar bilen söhbetdeşligi (bile alyp gidip biler) dowam etdirip bilerler, kynçylyk çekmezden umumy söhbetdeşligi alyp baryp bilerler. Upper-Intermediate derejäni özleşdiren adam, käbir grammatiki ýa-da leksiki ýalňyşlyklary goýberendigine düşünip bilýär we söhbetdeşlik wagtynda ol ýalňyşlyklary düzetmegi başarýar. Sözleýişdäki ýalňyşlyklar hem şolar ýaly.  Audio (diňlemeklik) ýazgylar – diňläninde sebit (aksent) derejesini tapawutlandyrýar. Kynçylyksyz öýjükli el telefonynda gürleşmegi başarýar. Bu derejede adam ýazuw (Writing) stillerini tapawutlandyrýar, metbugat habarlaryny okaýar we onuň nämedigine düşünýär, Islendik teksti okap, ol tekstiň esasy pikirine derrew düşünip bilýär. Ýazuw işlerini bilmeklik diňe bir, dürli derejedäki hatlary ýazmaklyk bilen çäklenmän, eýsem-de ýönekeý görkezmeleri (instruksiýalary) hem ýazmaga mümkinçilik berýär. Sintaksis (bir dile mahsus bolan sözlemiň gurluşy we sözlemde sözleriň baglanyş ýoly) meselesi bökdençlik döretmeýär.

Advanced – derejesi

Advanced – bu adamyň iňlis dilini gowy bilýändigini aýtmaga mümkinçilik berýän iňlis derejesidir. Bu derejede adam iňlis dilinde gürleýänleriň (ene dili bolan) arasynda özüni arkaýyn we ynamly duýýar, gürlände we ýazanda ýalňyşlyk goýbermeýär diýen ýalydyr. Dürli ýagdaýlar bilen baglylykda dürli gepleşik utgawlaryny (stillerini) ulanyp biler. Gepleşik erkin, ynamly bolup, idiomatik aňlatmalar, degişmeler we durnukly söz düzümleri ulanylýar. Bu derejede dili bilmeklik, söhbetdeşiň ünsüni çekmek isleýän sözlerimize basym goýmak we sözleýişimizde äheň (intonasiýa) etmek mümkinçilik berýär. Adam ilkinji gezek aýdylanlaryň esasy manysyna we pikirleriň aýratynlyklaryna dessine düşünýär. Äheňiň (intonasiýanyň) we söz düzümleriniň gurluşyna esaslanyp, söhbetdeşiň näme duýýandygyna düşünýär. Tekstleri erkin okaýar, filosofiki garaýyşlaryny beýan edip biljek diskursiw (logiki netijelere esaslanylýan) esseleri goşmak bilen islendik teksti özi ýazyp bilýär.

Hojamuhammedowa Mähri

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

 uniwersitetiniň mugallymy

8-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle