TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Iň köp girdeji gazanan sungat işgärleri yglan edildi

“Forbes” žurnaly güýmenje dünýäsinde iň köp girdeji gazanan atlary yglan etdi. “Lord of the Rings” filmi bilen tanalýan Piter Jekson sanawda birinji ýeri eýeledi. “Lord of the Rings” filminiň režissýory Piter Jekson 2021-nji ýylda iň köp girdeji gazanan sungat işgäri boldy. Jekson Stiwen, Spilbergden we Jorj Lukasdan soň milliarder režissýorlaryň arasynda ýer alýar.

Ýakynda aýdym-saz kataloglaryny satan Bob Daýlan, Pol Simon we Brýus Spreýsten sanawa goşuldy. Spreýsten aýdym-saz katalogyny “Sony Music” -e 500 million dollara satyp, sanawda ikinji ýeri eýelemegi başardy. Şeýle hem sanawda “Paramount +” bilen 900 million dollarlyk şertnama baglaşan “South Park”-yň döredijileri Treý Parker we Matt Stoun sanawyň başynda, sazandalar Kanye Uest we Jeý-Z, şeýle hem Dweýn Jonson hem sanawda bar. Sanawda 12-nji orny eýelän we “iň köp girdeji gazanan zenan sungat işgäri” Reese Wizerspun, Hello Sunshine” önümçilik kompaniýasy arkaly 115 million dollar girdeji gazandy. Beýleki tarapdan, “Friends”-iň döredijileriň biri Marta Kauffman hyzmatdaşlary bilen 17-nji, “Bridgerton” seriýasynyň prodýuseri Şonda Rimes bolsa 81 million dollar bilen 18-nji ýeri eýeledi. Geçen ýyl aýdym-saz katalogyny satan “Red Hot Chili Peppers” 11-nji ýeri eýeledi.

Sanawyň ilkinji onlugynda atlaryň hemmesiniň erkek adamlardygy we ilkinji 20 ýeňijiniň arasynda diňe 3 aýalyň bardygy bellärliklidir.

 

12-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy we Russiýanyň döwlet sirkiniň Aşgabatdaky çykyşy

Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini ÝUNESKO-nyň sanawynda

Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Teswirle