TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

 Ilmyrat Bekmiýew:kino sungaty ömrüniň manysy

Durmuş hem zähmet tejribesi ýetik halypalardan öwrenere zat kän. Olar durşy bilen hazyna. Şonuň üçin boşrak wagt tapsam olary diňlemek adaty endigime öwrüldi. Başardygymdan olaryň täsirli gürrüňlerini ýazgy edip okyjylara ýetiresim gelýär.

Halypalaryň özara degişmelerindenem olaryň bir-birlerine uly hormat goýýandygyny duýup bolýar. Arada Türkmen döwlet medeniýet institutyna bardym. Ol ýerde ömrüni sungata bagyşlan halypalaryň ençemesi zähmet çekýärler. Şol gezek ilki bilen Türkmenistanyň halk artisti Ilmyrat Bekmiýew soňra-da Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gapbar Hümmedow bilen söhbetdeş bolduk. Gapbar aga bilen Ilmyrat aganyň iş otaglarynyň arasynda ýekeje diwar bar. Ilmyrat aga bilen söhbetdeşligimizi tamamlap, Gapbar aganyň iş otagynda ýazgy edip otyrys welin, birden Gapbar aga: — Akgül, ofisiant gelýän ýaly-la — diýip güldi. Aýak sesem eşidilmän gelen Ilmyrat aga: — Gapbar, häzir saňa-da getirýän — diýip stoluň üstünde bir bulgur kofe goýdy-da: — Gyzym, çaýa içmediň, şujagaz kofeni bir iç! — diýip hödür etdi. 80 ýaşdan geçen ýaşuly elleri sandyrap dursa-da, gadyr edip özi demläp getirensoň, ýüz öwrüp bilmedim. Ýogsa gan basyşymy ýokarlandyransoň, kofe içýän adam däldim. Bu pursady ýatlamak bilen, olaryň bir-birleri bilen degşip-gülşüp agzybir işleşýändiklerini aýtjak boldum. Ilmyrat aga bilen öňem söhbetdeşlik taýýarlapdyk. Ýöne ondan bäri eslije wagt geçdi. Halypa kinorežissýor bu gezekki söhbetdeşligimizi ynha, şu gürrüňlerden başlady.

— Kakam Türkmenistanyň halk artisti Nazar Bekmiýew teatr artistidi. Kiçiligimden hünäre ugrukdyrmak üçin, kakam maňa ilki dutar alyp berdi. Dutar çalmagy öwrenmek üçin öňki pionerler köşgündäki dutar gurnaga gatnadym. Ol ýerde Bäşim Lallakow dutar çalmagy öwretdi, ýöne kän bir höwesim bolmadymy, yzygider bu ugra ýykgyn etmedim.Ýogsa, häzirem ussat bolmasamam, azda-kände dutar çalýan.

Men 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň golaýyndaky Köşi obasynda doglan.1947-1958-nji ýyllar aralygynda orta mekdepde okadym. Ilki obamyzdaky mekdepde, soňra paýtagtymyzdaky 20-nji orta mekdepde bilim aldym. Kinorežissýor Hangeldi Agahanow obadaşymyzdy. Ol kinostudiýada işleýärdi. Hangeldi aga meni okuwçy wagtlarymdan kinostudiýa äkidip, kino sungatyna höwes döretdi. Şol ýerde çagalar üçin kinolary terjime edilýän eken. Ol meni şol filmleriň terjime edilişi, kinolara ses berilişi bilen tanyşdyrdy. Bir günem ýanyna çagyryp: «Ynha, şu filmdäki çaga rolunyň sözlerini terjime et!» diýip bir filmden bölek berdi. Kynlyk bilen terjime etdim. Soň men «Timur i ýego komanda» atly filmde ilkinji gezek ses berdim. Şol wagtlar 1950-nji ýyllarda on ýaşymdadym. Soň çagalar üçin filmleriň birnäçesinde ses berdim — diýip gürrüň berdi. Onuň bu gürrüňlerinden hemem kakasynyň artist bolanlygy üçin eýýäm kiçilikden sungat adamlarynyň köpüsini tanaýandygyny duýmak kyn däldi. Şonuň üçin onuň durmuş ýolunda halypalar bilen bagly ýatlamalar az däl. Ol:

— 1958-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, kinostudiýa işe girmek üçin bardym. Kinostudiýanyň howlusynda uly tut bagy bardy. Bagyň kölegesinde meşhur kinorežissýorlar Alty Garlyýew bilen Meret Atahanow ikisi küşt oýnap otyrlar eken.Olaryň kä hiňlenip, kä degşip küşt oýnap oturan keşpleri häzirem göz öňümde. Şeýlebir oýna gyzyp oturyşlaryna meniň ýanlarynda duranymy-da duýmadylar. Eslije wagt garaşyp durdum. Birden Alty aganyň maňa gözi düşdi-de: «Näm-ow, ýaş ýigit, üstüme abanyp durma-da, bar git-de işiň bilen bol!» diýdi. Çekinjeňlik bilen Alty aga, «Aýna» kinosyny surata düşürýän ekeniňiz, menem işe alaýyň-da — diýdim. Ol ýüzüme seretdi-de: «Wiý, Ilmyrat, senmidiň, garaş biraz, häzir Meredi bir, gowy edip utaýyn, onsoň gürleşeris» diýdi. Şeýdibem şol filmde režissýora kömekçi bolup işleşdik. Soň «Şükür bagşy», «Gelin», «Gämiçiniň jany bir» filmlerde başga kinorežissýorlar bilen işleşmek miýesser etdi. Ýazyjy Seýitnyýaz Ataýewiň eseri esasynda Bulat Mansurow kino düşürdi. Şo film surata düşürilip bolnansoň, Mansurow maňa: «Ilmyrat, sen şeýdip ömür boýy kömekçi režissýor bolup ýörjekmi? Şu ugurdan okuwa gir» diýip ugrukdyrdy. Onsoň öňki Leningrada režissýorluk hünäri ugrundan okuwa gitdim. 1970-1976-njy ýyllarda ýokary okuwy tamamladym. Talyplyk döwrümde maňa Baba Annanowyň ssenariýasy boýunça «Gyrkymçylar» atly gysga göwrümli film diplom iş tabşyryldy. On minutlyk, bu telefilmi Aşgabadyň günorta künjeginde surata düşürdim. Gysga göwrümli, sözsüz, diňe saz  bilen bezelen film. Bu filmem şol wagtlar Germaniýanyň bir şäherinde geçirilen dokumental filmleriň halkara kinofestiwalynda diploma mynasyp boldy. Bu barada Moskwada neşir edilýän gazetlerde-de makala ýazylypdyr.

1976-njy ýylda okuwymy tamamlap işe gelenimde ilkinji gezek maňa «Sähediň tomsy» atly uly göwrümli filmi surata düşürmek ynanyldy. Soň 1977-nji ýylda «Maýagyň yşgy», 1978-1979-njy ýyllarda «Günüň wagty», garaz, şeýdip surata düşüren kinolarymyň sany köpeliberdi. Häzire çenli dürli temalardan surata düşüren uly göwrümli filmlerim 20-den gowrak bolandyr — diýdi.

Onuň surata düşüren filmleriniň köpüsi ýadymyzda. «Ak guşuň owazy»,  «Ýyldyzlar öçmeýärler», «Söýgi öwrümleri», «Gökderäniň aýdymy», «Garagumuň bürgütleri», «Ak pamyk», «Jadyly hünji hakynda erteki», «Babagammaryň gaýdyp gelmegi» …başgada kän. Surata düşüren filmleriniň arasynda edebi esasyny özi ýazanlary-da bar. Kinolaryň käbirlerinde Ilmyrat aganyň kakasynyň ady dakylan agtygy Nazar Bekmiýewem baş keşplerde surata düşüpdi. Oňa surata düşüren filmleriňize halypa artist hökmünde kakaňyz nähili baha berýärdi — diýip sowal berdik. Asyl onuň kakasy Ilmyrat aganyň surata düşüren kinolarynyň ýekejesini görüp ýetişen eken. Ilmyrat agadan kakaňyzam kinoda oýnadymy? — diýip soradyk. Ol: — Hawa, «Aýna» kinosynda hem-de «Aýratyn tabşyryk» filmlerinde baýyň rolunda oýnady, ýöne ikisem biri-birine meňzemeýän häsiýetdäki keşplerdi. Ynha, şularam maňa durmuşymda tejribämiň baýlaşmagyna  kömek etdi — diýip, halypalar hakyndaky söhbedini dowam etdi.

— Ata Döwletow, Ata Durdyýew, Muhammet Çerkezow we başga-da kän halypalar bilen işleşdim. «Babagammaryň gaýdyp gelmegi» atly filmi surata düşürýärkäm şol filmde Muhammet aga kolhoz başlygynyň roluny oýnamalydy. Onuň ir-iýmişli bagyň içinde çagalar bilen surata düşürilmeli pursady bardy. Şonda Muhammet aga: «Ilmyrat, şu sahnany özümçe oýnap görkezeýin-le, eger göwnüňe ýaramasa onda seň aýdyşyň ýaly oýnaýaryn» diýdi. Ylalaşdyk. Görsem ol ynanylan keşbi edil göwnümiň isleýşi ýaly janlandyrdy. Diňe biraz sesi öteräk çykany üçin ýekeje bellik aýtdym. Ol belligimi dogry kabul etdi. Sebäbi teatr artistleri tomaşa zalyndaky iň soňky hatarda oturan tomaşaçada ýeter ýaly gaty sesde çykyş etmeli. Olar şoňa endik eden adamlar. Emma kinoda surata düşürilende kamera golaýda goýlansoň, ses pes bolanda-da ýeterlik bolýar. Muhammet aga-da soň kinoda sesini peseldip surata düşdi — diýip ýatlady.

Söhbetdeşligimiz halypa-şägirtlik ýoly baradaky gürrüňe syrykdy. Ilmyrat aga şägirdi Batyr Batyrowyň döredijiligi hakynda buýsanç bilen gürrüňe başlady. Onuň surata düşüren kinolaryndan käbirleri hakynda durup geçdi. — Batyr Batyrow Türkmen döwlet medeniýet institutynyň režissýorlyk hünärinden ýokary bilim aldy. Özem talyp döwründe kämil derejede gysga göwrümli filmleri surata düşürip zehin başarnygyny subut etdi. Onuň surata düşüren «Kämillige ýol» atly filmi teleýaýlymlarda köplenç tomaşaçylara ýetirilýär. Ol işjanly, saýlan hünärine irginsiz yhlas edýär. Sungatyň haýsy ugry bolanda-da, yhlasly zähmet oňat netijesini berýär — diýip baha berdi.

Ilmyrat aganyň surata düşüren kino filmleriniň köpüsine teleýaýlym arkaly tomaşa etdik. Şonuň üçin ondan nebitçileriň durmuşyndan gürrüň berýän «Garagumuň bürgütleri» atly çeper filmi hakynda gürrüň bermegini haýyş etdik. Sebäbi nebit-gazçylaryň ýeňil bolmadyk zähmetini çeper filmde beýan etmek aňsat düşmedigini bilýäs. Ol:

— «Garagumuň bürgütleri» uly göwrümli çeper film. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümi. Film 2008-nji ýylda surata düşürildi. Ýazyjy Hojanepes Meläýewiň «Ýalyn» atly eseri esasynda filmiň edebi esasyny özüm ýazdym hem-de filmiň goýujy režissýory boldum. Islendik ulgama degişli film surata düşürilende şol ugurdan ýokary derejeli hünärmen saýlanyp filmiň maslahatçysy bolýar. Ol tehnikalaryň işledilişi her bir tehnikada ulanylýan sözleriň manysyny düşündirip režissýoryň ýanynda bolýar. Maslahatçy filmiň döredijilik toparynyň esasy adamlarynyň biri. Bu filmi döretmegime nebit-gaz ulgamyna degişli ýazylan edebiýatlary kän okamagym itergi berdi. Ýurdumyzyň ösüşinde nebit-gaz pudagynyň mynasyp orny bar. Nebitçileriň, burawçylaryň asylly zähmetini, olaryň ýokary netijeler gazanmagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri film arkaly wasp edesim geldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgesi has-da dabaralanýar. Filmiň baş gahrymany Mergen Sapaýewiň kakasy, atasy ömrüni nebit-gaz pudagyna bagyşlan adamlar. Mergenem tapawutlanan bahalar bilen nebit-gaz ugrundan ýokary bilim alýar. Ol okuw tejribelik geçen ýeri bolan Ekereme işe iberilýär. Kämil bilim alan ýigidiň tutanýerliligi, işjanlylygy bilen ukyp başarnygyny görkezip, iş pursadyndaky hadysalardan baş alyp çykyşy, oňa täze jaý berlip, döwrebap tehnikalarda işlemäge döredilýän mümkinçilikler filmiň dowamynda beýan edilýär. Şeýle zehinli nebitçiler bolsa durmuşda kän. Zähmetsöýer nebitçileriň, gazçylaryň irginsiz zähmeti bilen täze-täze nebit-gaz ýataklarynyň açylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda uly ähmiýet berýär — diýip, bu ugurda zähmet çekýän işgärleriň zähmetine uly hormatyny beýan etdi.

Filmde ýaş nebitçi Mergeniň ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlanlygynyň netijesi onuň iş ornundaky her bir pursadynda ukyp başarnygy bilen açylyp görkezilýänligi üçin Ilmyrat aganyň mugallym hökmünde şu baradaky pikirini bilmek gyzyklandyrdy. Ol bu gyzyklanmamyza şeýle jogap berdi.

— Hormatly Prezidentimiz ýaşlar hakdaky üns aladany ilkinji orunda goýýar. Ýaşlar üçin döwrebap bilim almaga-da, alan bilimini okuw tejribelikde berkitmäge-de ähli mümkinçilikler bar. Ýokary okuw mekdeplerimiz dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalary bilen üpjün edilen. Talyplara alan bilimlerini okuw tejribelikde berkitmäge-de şertler döredilýär. Ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi döredilýän mümkinçilikleriň oňyn netijesi. Her bir eser durmuşyň özünden gözbaş alýar — diýip düşündirdi. Söhbetdeşlikden soňra hoşlaşyp gaýtjak wagtymyz ol maşgala ýagdaýy bilenem gysgajyk tanyşdyrdy. — Maşgalamyzda bir oglumyz, gelnimiz, iki agtygymyz, iki çowlugymyz bar. Her bir maşgalanyň bagtyýar ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiz ähli taraplaýyn giň şertler döredýär. Ýurdumyzyň şan-şöhraty dünýä doldy. Döwrümiziň ýeten belent derejelerini, mähriban Arkadagymyzyň her bir ugurda amala aşyrýan beýik işlerini döredijiligimiz bilen wasp edip dünýä ýaýmak uly bagt hem mertebe — diýip, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdy.

Akgül SAPAROWA

 

Gapbar Hümmedow: kino sungatynyň halypasy

 

Ýene-de okaň

 Muhammetnazar Mommadow: ussatlaň ýetişdiren ussady

Ata Watan Eserleri

Aşyr Hojatow: ussatlyk mekdebiniň halypasy      

Gülki – Zeminiň duzy

Ata Watan Eserleri

Teswirle