DÜNÝÄ

Ilkinji äýnegiň döreýiş taryhy

Äýnekler ilkinji gezek 1280-nji ýylda italýan fizigi Armati  tarapyndan döredildi. Ol jisimleri ulaldyp görkezmek üçin niýetlenen, adamlar ony ellerine alyp ulanýardylar.Daşary  ýurt kinofilmlere tomaşa eden bolsaňyz, bir göze dakylýan  äýnekler oýlanyp tapyldy.

Bu äýneklerden soňra, 1730-njy ýylda Edwaer Scarlett  äýnegiň sapyny döretdi. Şeýlelikde, äýnek oýlap tapylanyna 350 ýyl geçenden soňra, burnuň üstünde goýulýan bölegi döredi.

Ilkinji äýnek dükany Francis Mc Allister tarapyndan 1783-nji ýylda açyldy. Äýnekler gabyň içine goýlup, adamlar äýnegiň haýsy ölçegi gözlerine laýyk gelse, şol äýnegi alýardylar. Äýnekleriň döwülmeýän,daşy çarçuwasyz görnüşleri ýüze çykyp, 2012-nji ýylda Google tarapyndan ilkinji akylly äýnekler emele gelip başlady. Akylly äýnekler çalt kämilleşmek ýoluna girmedi. Çünki tehnologiýanyň ösmegi bilen anyk görmek üçin ulanylýan äýneklere zerurlyk ýüze çykdy.

Günden goranmak üçin oýlap tapylan äýnekler hem ilkinji gezek hytaýlylar tarapyndan 1430-njy ýylda ulanyldy. Otda buguň kömegi bilen garaldylan bu äýnekler,günden goranmak üçin däl-de , özlerini tanatmazlyk maksady bilen dakynypdyrlar.

«EKSPO-2020»: Türkmenistanyň Milli güni geçiriler

 

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy