SPORT

Ildeşimiz Ýagşymuradow bu gezek ýeňip bilmedi

Ildeşimiz Döwletjan Ýagşymuradow “Bellator 257” ýaryşynyň çäklerinde amerikaly türgen Kori Andersondan ýeňildi. Tutluşyk tehniki nokaut bilen tamamlandy.

ABŞ-nyň Ankaswill şäheriniň “Mohegan San Arena” stadionynda “Bellator 257” ýaryşynyň çäklerinde 31 ýaşly türkmenistanly Döwletjan Ýagşymuradow bilen 31 ýaşly amerikaly Kori Andersonyň tutluşygy geçirildi.

Tutluşyk amerikaly türgeniň peýdasyna tamamlandy. Üçünji döwde tehniki nokaut berildi. Döwletjan birinji döwde tutluşygy öz peýdasyna tamamlap bilerdi. Ol garşydaşyna garşy amala aşyran tilsimleri bilen ony ýere ýykandygyna garamazdan, garşydaşy derrew aýaga galmagy başardy.

Şeýlelikde, “Bellator” ýaryşynyň ýarym agramdaky ilkinji ýarym finalynda iýul aýynda Kori anderson bilen Raýan Beýder duşuşar.

 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dynç alşa açylýar

Ýene-de okaň

Özbegistan 2029-njy ýylda IV Aziýa Ýetginjekler oýunlaryny kabul eder

Türkmen türgeniniň Aziýa rekordy

Saud Arabystany binanyň depesinde stadion gurlar

Azerbaýjan topary Gurban Berdiýew bilen şertnamany uzaltmak isleýär

«Arkadag» topary bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy

“El-Klasiko”: “Real” topary “Barselonadan” üstün çykdy