Türkmenistan döwletimiz dünýäniň köp sanly ýurdy bilen özara bähbitlilik, deňhukuklylyk hem-de parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. 2022-nji ýyl Türkmenistan bilen ençeme döwletiň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarda möhüm seneleriň biridir. Bu gatnaşyklara 30 ýyl doldy.

Şeýle döwletleriň biri hem Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygydyr. Geçen 30 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda köp ugurlarda netijeli gatnaşyklar ýola goýlup, uly ösüşler gazanyldy.

Gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, dürli ugurlardaky gatnaşyklar barada gürrüňdeş bolmak üçin  Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň redaksiýasynda kabul etdik. Ilçi hanym Lýusia Uaýld “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty hem-de “Atavatan Tv Youtube” kanaly üçin sowallarymyza uly höwes bilen jogap berdi.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýld Sizi türkmen-britan diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Söhbetdeşligimiziň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara gysgaça syn berseňiz?

Meni hormatlap çagyrandyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Bu meniň üçin örän uly hormatdyr. Men Beýik Britaniýanyň Türkmenistana bellenen 9-njy ilçisidirin. Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa diplomatik gatnaşyklaryny 30 ýyl mundan ozal, 1992-nji ýylyň ýanwarynda ýola goýdy. Geçen 30 ýylyň dowamynda biziň örän netijeli hyzmatdaşlygymyz bar. Men hem Türkmenistan gelmekden örän hoşaldyryn we Türkmenistanyň Hökümeti hem-de hyzmatdaşlarymyz bilen örän köp ugurlarda – söwda, medeniýet, bilim, sebit gatnaşyklary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda işleşmek örän gowy. Men we ýoldaşym Türkmenistanda bolmakdan we işlemekden örän lezzet alýarys.

 – Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz işini alyp barýan döwründe Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň haýsy ugurlaryna has köp ähmiýet berýär. 

Bilşiňiz ýaly, 1996-njy ýylda şazada Çarlz Türkmenistanda saparda bolupdy. Ol biziň häzirki “Ak Altyn” myhmanhanasyndaky ilçihanamyzy açypdy. Men hem öz gezegimde Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin tagalla ederin. Üstümizdäki ýyl, siziň hem belläp geçişiňiz ýaly, möhüm seneleriň biridir. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygydyr. Gatnaşyklarymyz täze başlamady, ol hemişe ösüşde.

Biziň Türkmenistanyň Hökümeti we hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzy 4 guruda has-da işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýarys.

Olaryň ilkinjisi howanyň üýtgemegi. Döwletler bu ugurda uly tagallalar edilýär. Biz hem bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanalary we Türkmenistandaky hyzmatdaşlarymyz bilen howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak üçin hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýäris.

Ikinji möhüm ugur – ol hem “ýaşyl ykdysadyýet”. Geçmişde biz nebit we gaz barada köp gürrüň etdik. Biz mundan beýläk hyzmatdaşlygymyzda “ýaşyl ykdysadyýete” has köp üns bermegi göz öňünde tutýarys. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri – ýel, Gün hem-de gyzykly we ünsüňi çekýän ugur wodorod energetikasydyr. Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda bu ugurlarda işewürlik hyzmatdaşlygyny döretmegi meýilleşdirýäris.

Üçünjisi, meniň üçin hem möhüm bolup durýan ugurlaryň biri zenanlar we gyzlar üçin amala aşyrylýan maýa goýumlar. Bu babatda dürli taslamalarymyz bar. Bu ugurda hem BMG bilen iş alyp bararys.

Soňunjysy, örän möhüm ugur bolan bilim. Biziň bu ýerde talyp hakly maksatnamamyz bar. Türkmen talyplarynyň Beýik Britaniýa baryp, okamaklaryny arzuw edýäris.

Esasan hem ykdysady hyzmatdaşlyklar barada gürrüň beräýseňiz? 

Biz “ýaşyl ykdysadyýet” babatda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagy meýilleşdirýäris. Köp sanly britan kompaniýalary, hünärmenler, bilermenler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, ýel, Gün we wodorod energetikasy babatda tejribeleri bar. Türkmenistan bilen bu ugurda hyzmatdaşlyklary guramagy göz öňünde tutýarys.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti London şäherinde maýa goýum forumyny guramagy meýilleşdirýär. Pandemiýa sebäpli iki ýurduň işewürlerini bir ýere jemlemegiň mümkin bolmandygy üçin, olary ýüzbe-ýüz duşuşdyrmak wajyp bolup durýar.

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda örän uly mümkinçilige eýedir. Şonuň üçin bu ugra has köp ähmiýet bermek maksadalaýyk hasaplanýar. Özara tejribeleri paýlaşmak babatda bilermenleriň arasyndaky gatnaşyklary hem ýola goýmak möhüm bolup durýar.

Ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna agza bolmak ugrunda alyp barýan işleridir. Bu örän oňyn netijedir. Biz hem öz gezegimizde Türkmenistana goldaw bermäge taýýardyrys.

Şeýle hem biziň Premýer-ministrimiziň söwda boýunça wekili Baronessa Emma Nikolson Türkmenistana gelmegi maksat edinýär. Onuň soňky sapary 2019-njy ýylda bolupdy. Ol hem täzeden gelip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara hem-de söwda hyzmatdaşlygyny artdyrmaga goşant goşmagy isleýäris.

2022-nji ýyl Beýik Britaniýa üçin hem möhüm ýyllaryň biridir. Şu ýyl Şa zenany Ýelizaweta II tagta bolmagynyň 70 ýyllygy bellenýär. Bular barada nämeler aýdyp bilersiňiz?

Şu ýyl Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda möhüm ýyllaryň biri. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýäris. Şeýle hem Beýik Britaniýa üçin hem ajaýyp ýyllaryň biridir. Onuň Alyhezreti şa zenany Ýelizaweta II diňe bir 96 ýaşyny doldurman, eýsem tagta bolmagynyň 70 ýyllygyny belleýär. Ol 1952-nji ýylda şa zenany boldy. Geçen 70 ýylyň dowamynda dünýäde köp zatlar üýtgedi. Bilşiňiz ýaly, onuň ýaşan döwründe 14 Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri hem-de 14 ABŞ-nyň Prezidentleri wezipelerini amala aşyrdy. Ol işlän döwründe köp işläp, wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek üçin giň tagalla etdi. Ol aprel aýynda 96 ýaşyna gadam basdy.

Biz hem Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy hem-de şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygyny belleýäris. Aprel aýynda şa zenanynyň doglan gününi belläp geçdik. Oňa Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

– Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň adyndan şa zenany Ýelzaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy bilen gutlaýarys.  Biz bu söhbetdeşligi diňe bir “Atavatan TV Youtube” kanalymyzda däl, eýsem www.atavatanturkmenistan.com internet sahypamyzda türkmen dilinde ýerleşdirýäris. Biziň tomaşaçylarymyzyň we saýtymyzyň yzarlaýanlarynyň aglabasynyň ýaşlar bolup durýandygyny hasaba alanymyzda, ýaşlary gyzyklandyrýan sowallaryň biri hem Oksford, Kembrij ýaly dünýä belli uniwersitetleri bolan Beýik Britaniýada bilim almak bolup durýar. Şu ýerde köp ýyllardan bäri üstünlikli alnyp barylýan “Chevening” maksatnamasy barada aýdaýsaňyz?

Köp sanly türkmen ýaşlary bilim almak üçin Beýik Britaniýany saýlap alýarlar. Men öz gezegimde olary bu saýlawy üçin gutlap, üstünlik arzuw edesim gelýär. Her ýyl 500 müňe golaý halkara talyp bilim almak üçin Beýik Britaniýany saýlaýarlar. Diňe bir bilim hili däl, eýsem durmuş tejribesi almak üçin hem saýlaýarlar.

Biziň “Chevening” atly talyp hakly maksatnamamyz bar. Bu Beýik Britaniýanyň hökümetiniň iň abraýly maksatnamalarynyň biridir. Türkmenistan bilen bir hatarda zehinli ýaşlary Beýik Britaniýada master derejesini almak üçin göz öňünde tutulýar. Ol okuwyň tölegi we ýaşamak üçin tölegleri öz içine alýar. Soňky 23 ýylyň dowamynda 80-den gowrak talyp bu talyp hakly maksatnamany gazanyp, Beýik Britaniýa okamaga gitdiler. Şeýle talyplar hem-de öz hasabyna  Beýik Britaniýada okuwyny tamamlap, Türkmenistana dolanyp gelip, hökümetde we beýleki ulgamlarda işleýärler. Olar bilen aragatnaşyk saklaýarys. Şu ýylyň iýunynda bu maksatnama boýunça bilim alan ýaşlary bir ýere jemlemegi meýilleşdirýäris.

Meniň özüm hem 6 britan uniwersitetinde okadym. Men olaryň ählisinden lezzet aldym. Meniň Oksfordyň tejribelerinden gaty hoşal. Emma tejribeleri öwren has gowy. Meniň türkmen talyplaryna berjek maslahatym Beýik Britaniýada okamak barada pikir ediň. Okajak ugruňyzy gowy saýlaň. Durmuş tejribeleri barada pikirleniň. Meselem, siz Beýik Britaniýada ilkinji gezek bolýan bolsaňyz, dost-ýarlaryňyz ýok bolsa, kiçi şäherlere we uniwersitet şäherçelerini saýlap alyň. Adamlar bilen gatnaşyklarda gowy bolýar. Eger ozal bolan bolsaňyz, dost-ýarlaryňyz bar bolsa, has uly şäherlerdäki uniwersitetleri saýlap bilersiňiz.

– Biz ýakynda, www.atavatanturkmenistan.com internet saýtymyzda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawyny goýduk. Şol uniwersitetleriň arasynda Oksford, Kembrij ýaly uniwersitetler bar. Ine, şeýle uniwersitetlere öz hasabyna gidip okajak talyplara maslahatlaryňyz bilen bir hatarda wiza barada gürrüň beräýseňiz?

– “Chevening” maksatnamasynyň dalaşgärleri üçin ýüz tutmak möwsümi awgust aýynda başlaýar. Munuň üçin ýörite web sahypasy bar. Şol ýerden ýüz tutmak bolar. Söhbetdeşlikler bolsa, aprel aýynda geçirilýär. Dalaşgärler maksatnamany gazanandygyny iýun aýynda belli bolýar. Okuwa bolsa, sentýabr aýynda gidýärler.

Wiza bilen baglanyşykly ýüz tutmalar hemmesi onlaýn tertibinde amala aşyrylýar. Wiza üçin göz öňünde tutulýan nusga doldurylýar we hususy kompaniýa resminamalaryň asyl nusgasyny kabul edýär we şol resminamalaryň wiza üçin ýeterlikdigi anyklanýar.

Dalaşgär maksatnamadan daşary özbaşdak uniwersitetlere ýüz tutan bolsa, wagtyndan öň wiza nähili ýüz tutmaly, nähili resminamalaryň gerekdigi barada maglumat almaly. Uniwersitetden kabul edilendigi baradaky resminamany alyp, irräkden wiza üçin ýüz tutmaly.

Chevening” maksatnamasyndan her ýyl Türkmenistandan näçe talyp saýlanyp alynýar?

Maksatnama boýunça kabul edilýän talyplaryň sany her ýyl üýtgeýär. Geçen ýyllarda käte 5, käte 2, käte-de 3 bolýar. Käte şol döwrüň býujetine hem bagly bolup galýar. Ýöne muňa garamazdan, islendik adam şol kesgitlenen talyp hakynyň eýesi bolup biler. Bu maksatnama akademik bilimiňizi ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem Daşary işler ministrliginiň maksatnamalaryndan peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolup bilersiňiz.

Chevening” maksatnamasyny gazanmak üçin iň esasy kriteriýalary nämelerden durýar?

“Chevening” maksatnamasyny üstünlikli gazanmak üçin iňlis dilini bilmegiň derejesi, bu barada web sahypasynda maglumat bar. Akademik mümkinçiliege eýe bolmaly, göz öňünde tutýan kurslary barada maglumat almaly.

– Hanym ilçi, Siz Türkmenistana ýaňy-ýakynlarda geldiňiz. Ýanwar aýynda öz diplomatik wezipäňize girişdiňiz. Gysga döwürde türkmen tagamlaryndan haýsylary sizi özüne çekýär.

– Men ähli türkmen tagamlaryny dadyp görmedim. Ýöne meni özüne çeken we meniň ýadymda galan esasy zatlaryň biri hem miwedir bakja önümleriniň hiliniň ýokarydygydyr. Olaryň 100 göterim gowudygyny belläp bilerin. Türkmen topragynyň baý Gün şöhlesi olaryň hili örän ýokary edýär. Meniň siziň miwedir bakja önümleriňiziň Beýik Britaniýa import edilmegini isleýärin.

Bişirilýän türkmen tagamlaryndan palowy gowy görýärin. Meniň ýanýoldaşym daga çykmagy gowy görýär. Şol ýerde täze önümleri sarp etmegi halaýarys.

Şeýle hem men täze türkmen çöregini gowy görýärin. Has köp türkmen tagamlaryny dadyp görmegi göz öňünde tutýaryn.

– Hanym ilçi, söhbetdeşligimiziň ahyrynda tomaşaçylarymyza we okyjylarymyza ýetirjek arzuwlaryňyz bardyr.

–  Men ilki bilen, şu gün bizi tomaşa edýänlere minnetdarlyk bildiresim gelýär. Men şu gün Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de meniň tejribelerimi maslahatlaşmakdan lezzet aldym. Şu ýylyň dowamynda köp sanly türkmen raýatlary bilen duşuşmagy göz öňünde tutýaryn. Men Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda saparda bolup, türkmen medeniýeti bilen tanyşmagy, türkmen raýatlary bilen gürrüňdeş bolmagy hem-de türkmen tagamlaryndan dadyp görmegi meýilleşdirýärin.

– Hormatly ilçi, ýene-de bir gezek biziň redaksiýamyzda myhman bolandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin.

 

Dubaýa wiza almak üçin gerekli resminamalar