TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Iki ýyldyz üçin üç ýyldyz

Geljek möwsümde häzirki zaman futbol dünýäsiniň iki ýaş ýyldyzyny ― Kilian Mbappeni we Erling Halandy düzümine goşmak isleýän «Real Madridiň» ýolbaşçylary munuň üçin häzirki ýyldyzlarynyň üçüsi bilen hoşlaşmagyň meýlini biçýärler.

La Ligada iň ýakyn bäsdeşi «Sewilýadan» hem 8 utuk öňe saýlanan kerwenbaşy «Real Madrid» geljek möwsümiň transfer meýillerini çyzmaga şu günlerden başlady. Toparyň esasy maksatlary Kilian Mbappe bilen Erling Halanddyr. Toparyň ýolbaşçylary ilki-ilkiler bu futbolçylary isleýändiklerini syr hökmünde saklamaga çalyşsalar hem, bu habar indi syrlaryň dünýäsinden daşa çykdy.

Ýöne bu futbolçylary düzüme goşmak üçin pul tapmaly bolar. Ispaniýanyň AS neşirini «Real Madridiň» munuň üçin häzir düzümde bar bolan ýyldyzlar Garet Beýl, Isko we Marselo bilen hoşlaşmaga taýýardygyny ýazýar.

Iň köp haky Beýl alýar

Şu üç futbolçynyň topardan aýrylmagy bilen, geljek möwsümde «Real Madridiň» kassasynda 60 million ýewro möçberindäki pul sowulman galar.

Geljek tomusda toparyň başga bir ýyldyzy Luka Modriçiň hem şertnamasy tamamlanýar. Ýöne klubuň ýolbaşçylary baş tälimçi Karlo Ançelottiniň rugsady bilen, hakynda eglişik etse, Modriçi toparda alyp galmagy meýilleşdirýärler.

Ýokarda ady agzalan üç ýyldyzyň arasynda iň köp haky 30 million ýewro möçberinde Garet Beýl alýar. Şeýle hem topar Marselo üçin 16, Isko üçin 14 million ýewro töleýär. Oýunçylaryň satylmagy bilen topar şu töleglerden halas bolup biler.

«Real Madridiň» Haland we Mbappe şertnama teklip etmegi şu üç ýyldyzyň satylmagy bilen berk bagly. Halandyň «Borussiýa Dortmund» bilen şertnamasyndaky «75 million ýewro baha bilen erkin oýunça öwrülip biler» diýlen ýazgy, Mbappeniň bolsa öňümizdäki tomusda PSŽ bilen şertnamasynyň tamamlanmagy «Realyň» ýolbaşçylarynyň ynamyny güýçlendirýär.

 

3-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle