JEMGYÝET

Içeri işler we Adalat ministrliklerinde onlaýn hyzmatlaryň sany köpelýär

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirligine hem elektron maglumat gorlaryny döretmek ýaly häzirki zaman innowasion täzelikler girizilip, halka ýokary derejeli döwrebap hyzmatlar edilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýyl gol çeken «Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Permanyna laýyklykda, raýatlarymyzyň pasportlaryny resmileşdirmek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipeleri ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklendi. Resminama laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, beýleki ähli edara-kärhanalar we guramalar zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda indi ilatdan dürli hili delil hatlaryny talap edenoklar. Bu pasport ulgamy boýunça alnyp barylýan işleriň has-da kämil, döwrebap ýerine ýetirilmeginde örän uly mümkinçilikleri döretdi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Içeri işler ministrliginiň Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirliginiň Salgylar býurosynyň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde, fiziki şahslaryň salgylary barada maglumatlary sanly elektron aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen sargyt etmegiň hem-de taýýarlanan maglumatlary bermegiň Tertibine görä, bu ugurdaky işler Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşaýyş jaýlaryny hasaba alyş, paýlaýyş we resmileşdiriş müdirliginiň we etrap birlikleriniň arasynda sanly elektron aragatnaşyk hyzmatynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň hem-de Aşgabat şäher häkimligine degişli edaralaryň arasynda ýörite hereket edýän sanly elektron aragatnaşyk ulgamynyň kömegi bilen raýatlaryň özi gelmezden, olara ýazgyda duran salgylary baradaky kepilnamalary bermek işi doly derejede ýola goýuldy. Mundan başga-da, ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak, pasport almak, çalyşmak, bellenen ýaşyndaky suratlaryny pasportyna geçirmek üçin şäher, etrap merkezlerinden uzakda ýaşap ýa-da ýarawsyzlygy zerarly gelmäge mümkinçiligi bolmadyk raýatlaryň ýaşaýan ýerine göçme toplum bilen barlyp, gerekli resminamalar kabul edilip, pasportlaşdyryş işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Awstriýada ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahat

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy

Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada eýe boldy