SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýyň ilatynyň 85 göterimi sanjym aldy

Hytaýyň ilatynyň 1,22 milliarddan gowragy koronawirus ýokanjyna garşy doly sanjym aldy. Bu görkeziji ilatyň 85 göterimini düzýär. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş boýunça milli komissiýasynyň ýolbaşçysy Mi Feng habar berdi.

– 14-nji ýanwardaky hasabata görä, Hytaýda 2 928 981 000 doza möçberinde sanjym edildi. Şeýlelikde, 1 220 584 000 adam doly sanjym aldy – diýip, Mi Feng mälim etdi.

Soňky ilat ýazuwyna görä, Hytaýyň ilatynyň sany 1,411 milliarddan gowrak bolup, häzirki wagtda sanjym işleri ýokary depginde alnyp barlyp, ilatyň 85 göterimi sanjym aldy.

Hytaýyň hökümeti köpçülikleýin öndürilen 4 sany sanjymy tassyklady. Ýurtda sanjym mugt we meýletin esasda geçirilýär.

 

Hytaýyň ilaty artdy

Ýene-de okaň

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: ýolagçy gatnawlarynyň täze meýilnamasyny hödürledi

Ata Watan Eserleri

Garahan depe: Müňýyllyklardan aşan rowaýatlar

Özbegistanda Türkmenistanyň iri lukmançylyk klasteri tanyşdyryldy

Türkiŷede gijeki syýahat: Ŷyldyzlaryň astynda aŷlanmak

Türkmenistan bilen Hytaý çaga lukmançylygy boýunça hyzmatdaşlyk eder