TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hytaýyň daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary

Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen bir hatarda Merkezi Aziýada Täjigistanda hem-de Özbegistanda saparda bolar. Habarda bellenilip geçilişi ýaly, ministri Wan I Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Tajigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin hem-de Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowyň çakylygy boýunça 12-16-njy iýul aralygynda bu ýurtlarda saparda bolar.

Hytaýyň ministri Wan I 13-14-nji iýulda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçiriljek Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşar. Mundan başga-da, Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bu saparynyň çäklerinde ŞHG-Owganystan aragatnaşyk topary boýunça daşary işler ministrleriň ýygnagyna hem-de “Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa: çagyryşlar we sebit hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri” atly ýokary derejeli halkara duşuşyga gatnaşar.

Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň bu saparynyň çäklerinde birnäçe resmi duşuşyklary geçirip, ýokarda agzalanan ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen duşuşmagyna garaşylýar.

DIM: türkmen-owgan serhedi barada

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Moskwada saparda bolar

Teswirle