Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berlen onlaýn tertibindäki duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Sanly  ulgam arkaly geçirilen sammitde çykyş eden HHR-iň Başlygy Si Szinpin Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň açary birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, raýdaşlyk we özara bähbitlik bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem Si Szinpin Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdi.

Siz Szinpin öz çykyşynda Senagatçylar geňeşini döretmek, Hytaý we Merkezi Aziýa dostluk forumyny geçirmek babatdaky teklipleri beýan etdi. Bu teklipleriň Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda ylym-bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda has ykjam gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary ähli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy. Hususan-da, energetika, ulag-aragatnaşyk, saglygy goraýyş, söwda-ykdysady ugurlardaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagy babatda pikirler beýan edildi.

Hytaýyň “bir ýol-bir guşak” başlangyjyna ýokary baha berlip, şonuň esasynda köp sanly bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylýandygyna üns çekildi.

Söwda we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ugruna degişli meselelerde bilelikdäki çemeleşmeleri ösdürmek üçin “Merkezi Aziýa – Hytaý” ministrler geňeşleriniň mehanizmini işe girizmegi teklip edildi.

 

Türkmenistan Owganystanda gepleşikler geçirýär