TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hytaý-Merkezi Aziýa: döwlet Baştutanlarynyň onlaýn sammiti

Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň onlaýn sammiti geçirilýär. Bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammitde Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berler.

Geljekde Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garalar hem-de özara gatnaşyklaryň giň mümkinçilikleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlener.

Onlaýn sammitiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasy kabul ediler.

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diňe bir syýasy däl, eýsem söwda-ykdysady gatnaşyklar hem barha işjeňleşýär.

Hytaýyň söwda ministri Wan Wentaonyň bellemegine görä, Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky söwdanyň möçberi 100 esse artyp, Hytaýyň bu ýurtlara göni maýa goýumlarynyň paýynyň 14 milliard dollardan geçendigi bellenilýär.

Hytaýyň Söwda ministrligi tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä, Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygy 30 ýyl mundan ozal 500 million dollardan 50,1 milliard dollara çykyp, 100 esse ýokarlandy.

 

“Merkezi Aziýa-Hindistan” sammitine taýýarlyk görülýär

Ýene-de okaň

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Helga Mariýa Şmid: Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak meniň üçin hormat

Teswirle