SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasy Hytaýy gyzzyrmadan azat ýurt hökmünde ykrar etdi. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus Ženewada geçiren metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Ol Hytaýyň hökümetini bu howply keseliň öňüni almak babatda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran yzygidelri işleriniň netijesinde gazanan üstünligi bilen gutlady.

Hytaý, Günbatar-Ýuwaş ummany sebitinde soňky onýyllykda  BSGG tarapyndan gyzzyrma keselinden azat bolandygyny tassyklaýan şahadatnama eýe bolan ilkinji ýurtdyr. Bu derejä eýe bolmak üçin bir ýurt azyndan üç ýylyň dowamynda öz territoriýasynda bu keseliň ýaýramagynyň öňüniň alnandygyny subut etmeli bolýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy mundan ozal, 40 döwletiň gyzzyrma keselinden azat bolandygyny ykrar etdi.

“Arkadag” myhmanhanasy açyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanly raýatyň çagasy Minskde 2026-njy ýylyň ilkinji täze doglan çagasy boldy

Beýik Britaniýa zyýanly iýmitleriň mahabatyny gadagan etdi

Täze ýylyň ilkinji çagalary: Merkezi Aziýa ýurtlarynda çaga dogluşynyň ösüşi

Özbegistanda Täze ýylyň ilkinji gününde 1815 çaga dünýä indi

Türkiýe hytaýly syýahatçylar üçin wizany ýatyrdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna gatnawlaryň sanyny artdyrýar