TEHNOLOGIÝA

Hytaý Güne syn edýän ilkinji emeli hemrasyny uçurdy

Hytaýyň ilkinji Gün teleskopyny göterýän 550 funtlyk emeli hemrasy kosmosa uçuryldy.

Hytaýyň global teleýaýlym torynyň (CTGN) habar bermegine görä, gadymy hytaý mifologiýasynda Gün hudaýy “Şihi” adyny göterýän emeli hemra Şansi welaýatynyň “Taýuen” hemra merkezinden “Long March 2D” raketasy bilen uçuryldy.

Emeli hemra,tehniki taýdan “Hytaýyň H-Alfa Gün Gözlegçisi” (CHASE) diýlip atlandyrylýar, sebäbi goýy gyzyl H-Alfa spektrindäki şöhleleri synlamak üçin düzülendir. Emeli hemra uçurylandan soň Veriň orbitasynda meýilleşdirilen nokadyna ýerleşendigi habar berildi. Hytaýyň ilkinji Gün teleskopyny alyp barýan 550 funtlyk hemra, Ýeriň orbitasynda Günüň garşysyna durnukly ýagdaýda galar.

 

“BioNTech” çagalara sanjym etmek üçin rugsat sorady

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar